HAZAR SEBITINIŇ ÝURTLARYNYŇ HALKLARYNYŇ DOSTLUGYNYŇ HORMATYNA ULY KONSERT

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köpöwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşan döwletleriň hökümet Baştutanlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp baýramçylygyň hormatly tomaşaçylary boldular.

Forumyň üstünlikli geçirilmegi, onuň çärelerine diňe bir Hazar sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň wekilleriniň hem gatnaşmagy parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde biziň döwletimiziň derejesiniň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan netijeli halkara syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ähli döwletler bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazar deňziniň gününde hem-de belent ahlak gymmatlyklaryny we ynsanperwerligi alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy döwründe geçirilmegi bellärliklidir.

Halklaryň arasyndaky parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda medeni miras möhüm orun eýeleýär. Forumyň geçirilen günlerinde ak öýler ornaşdyryldy. Şol ýerde foruma gatnaşyjylar, biziň daşary ýurtly myhmanlarymyz türkmen toýlarynda berjaý edilýän, halkymyzyň myhmansöýerligi, özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Hazar dostluk we ylalaşyk deňzidir. Bu mowzuk agşam Türkmenistanyň şypahana merjeninde — Awazanyň açyk sahna meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynyň esasyny düzdi.

Bu konsertiň tapawutly aýratynlygy yşygyň, reňkleriň hem-de sesiň sazlaşygynyň ähli mümkinçiliklerini herekete girizmäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyndan ybaratdyr. Amfiteatryň merkezi böleginde hem-de sahnany gurşap alan uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller dabaranyň gerimini has-da artdyryp, tomaşaçylaryň baýramçylyk dabarasyna goşulyşýandygy ýaly duýgyny döredýär, açyk sahna meýdançasyny gurşap alan interaktiw çüwdürimli deňiz peýzažy bolsa dabaranyň öwüşginini has-da artdyrýar.

«Ýüreklerde Arkadag» atly aýdym-saz, tans kompozisiýasy uly konsertiň başyny başlady. Bu kompozisiýa mähriban halkymyzyň milli Liderimize bolan söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň çuňňurlygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Soňra tomaşaçylaryň dykgatyna ilkinji gezek görkezilýän çykyşlar hödürlenildi. Şolaryň barşynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, belli sazandalar yzly-yzyna çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Tomaşaçylar ýurdumyzyň iň gowy horeografik we folklor toparlary tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen kompozisiýalara şowhunly el çarpdylar.

Bu ýere ýygnananlarda «Rowaç» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi aýratyn ruhubelentlik döretdi. Şol aýdymyň sözleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyňky, sazy bolsa milli Liderimiziň agtygy Kerim Berdimuhamedowyňkydyr. Mälim bolşy ýaly, bu eser «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň birinji gününde doglan mele reňkli taýçanaga bagyşlandy. Bu waka ýagşy alamat hökmünde kabul edildi we şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň nesli Rowaç atly taýçanak şu ýylyň üstünlikleriniň we uly başlangyçlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Ýyndam we syratly bedewiň keşbi täze eýýamyň — döredijilik güýçleriniň, ruhubelentligiň dabaralanýan döwrüniň özboluşly ýörelgesini alamatlandyrýar. Aýdymçylar we «Galkynyş» tans topary tarapyndan ýerine ýetirilen bu kompozisiýa muny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Konsertiň barşynda «Awaza» diýen aýdym bolsa ajaýyp türkmen şypahanasynyň merjenine özboluşly söýgi bolup ýaňlandy. Şol aýdym bilen utgaşdyrylan özboluşly wideoşekillerde türkmen kenar ýakasynyň ajaýyp ýerleri görkezilip, konsert çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlary bilen utgaşyp, gojaman Hazaryň kenarlarynda parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan halklaryň dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezligi baradaky pikiri tassyklady.

Öňden gelýän we täze dostlary aýratyn mähirlilik hem-de hoşniýetlilik bilen garşylamak milli myhmansöýerligiň ajaýyp däbidir. Tomaşaçylar meşhur russiýaly ýerine ýetirijileriň, abraýly halkara festiwallaryna we bäsleşiklerine ençeme gezek gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Zaranyň, Sergeý Lazarewiň, Nýuşanyň, şeýle hem Aşgabatda önüp-ösen ýaş russiýaly aýdymçy Olga Şultaýsyň çykyşlaryna el çarpdylar.

Konsertde şeýle hem azerbaýjanly meşhur estrada aýdymçysy, sazanda, Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Raşad Ilýasow we onuň watandaşy, aýdymçy Samira Efendiýewa gatnaşdylar. Öz ýurdunyň çäklerinden has daşda meşhur bolan aýdymçylar Adilhan Makin we ýaş aýdymçy Aýgerim Altynbek Gazagystana wekilçilik etdiler. Eýranyň estrada aýdymçylary Majid Ahşabiniň we Hamed Mahzarnianyň hem çykyşlary şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Döwlet aýdym we tans topary özüniň hoş owazly aýdymlary we joşgunly tanslary bilen tomaşaçylary begendirdi. Topar indi on ýyldan gowrak wagtdan bäri, milli medeniýeti wagyz edýär. Bu toparyň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanyp, iýun aýynda Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşandygy bellärliklidir. Türkmen artistleri bilen bilelikde guralan çykyşda iki doganlyk halkyň milli däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligi görkezildi. Şol çykyş sungatyň birleşdiriji güýjüni alamatlandyrdy.

Ine, şu gün hem olar bir sahnada duşuşdylar.

Astrahanlylaryň Hazarýaka döwletleriň halklarynyň tanslaryndan bölekleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi dostlugyň we doganlygyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Hazar boýunça goňşulary diňe bir ykdysady bähbitleriň umumylygy däl, eýsem, hakyky dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Baýramçylyk konsertiniň tomaşaçylarynyň monitorlarda syn eden tolgundyryjy wideoşekilleriniň biri hem bu ýagdaýy şöhlelendirdi. Döwlet Baştutanymyzyň we agtygy Kerimiň döreden «Sportly Türkmenistan» diýen aýdymyň owazynyň astynda “Gorki” kabulhanasynda surata düşürilen şekillerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe onuň şu ýylyň maý aýynda ýurdumyza bolan saparynyň barşynda sowgat beren Aýk atly türkmen alabaýy görkezilýär. Şondan bäri geçen döwrüň içinde güjük ep-esli ulalypdyr we hökümet kabulhanasyndaky durmuşa öwrenişipdir. Bu ýerde alabaýa oňa diňe bir seýilgähde däl, eýsem, Dmitriý Medwedewiň iş otagynda hem gezim etmäge mümkinçilik berilýär. Premýer-ministr türkmen dosty bilen uly höwes bilen didarlaşýar.

«Dehistan» folklor topary hem-de türkmen milli lybaslarynda sahna çykan daşary ýurtly myhmanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen gadymy «Küştdepdi» tansy baýramçylyk konsertiniň özboluşly bezegine öwrüldi.

Konsertiň ahyrynda «Arzuw» diýen aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň sözlerini Gurbanguly Berdimuhamedow, sazyny bolsa döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedow döretdi.

Ýurdumyzyň durmuşynda häzirki döwürde bolup geçýän ajaýyp wakalary şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdyrylan bu aýdym konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirildi. Milli Liderimiziň döreden aýdymynyň manysy gazanylanlar bilen çäklenmän, diňe öňe gitmegi we täze üstünlikleri gazanmagy, ýurdumyzyň okgunly ösüşinde täze, belent sepgitlere ýetmegi aňladýar. Dogry ýol bilen ynamly öňe gitseň, arzuwlar hasyl bolýar, beýik maksatlara ýetilýär.

Özüniň ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen bu aýdym diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şowhunly el çarpyşmalar hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Artistleriň çykyşlaryna tomaşaçylar bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hem el çarpdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna şowhunly el çarpyşmalar ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň döwlet işi eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilendir.

Baýramçylyk agşamy gojaman Hazaryň asmanyny ajaýyp reňkler bilen ýagtylandyran ägirt uly feýerwerk bilen tamamlandy.

Şu günki çäreleriň maksatnamasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.