img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AWGUST AÝYNYŇ AHYRYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLAR

photo

Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazjak, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.