MILLI ÝYGYNDY TOPARLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde arbaletden ok atmak boýunça XX dünýä çempionaty tamamlandy. Ol 350-den gowrak türgeniň gatnaşan sany boýunça rekord görkezijä eýe boldy. 

Dünýäniň otuz bäş döwleti arbaletden ok atmagyň halkara birleşiginiň (IAU) howandarlygynda geçen ýaryşa gatnaşmak üçin iň oňat ýaý atyjylaryny iberdi. Oňa biziň ýurdumyz hem gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedow ýurdumyzyň abraýyny gorady. 

Türkmen türgeni «2019-njy ýylda türgenleşige girişen türgenleriň arasynda arbaletden ok atmak» görnüşinde 1451 utuk toplady. 

W.Sähedowyň çykyşynyň netijesi — birinji orun we dünýä çempiony diýen at. 

Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine örän uly üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge gönükdirilendir, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmäge hemme şertler döredilýär. Türgenlerimiziň şu gazananlary milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.