GULÝA GURBANOWA: ÖZÜŇIZE DÖRETMÄGE MAÝ BERIŇ
Aşgabadyň sergi merkezindäki sergileriň birinde keçe tilsiminde ýerine ýetirilen üýtgeşik manzar görkezildi. Manzaryň ýordumyny nygtaýan gara fonda Germaniýanyň Graýfswald şäheriniň kenarýakasynyň agşamky keşbi, aýlagdaky ýalňyz gaýyjyklar, suwa ýalpyldysy düşýän nurana aý, şuglaly penjireleriň öwüşgini... şekillendirilipdir. Surat «Söýgi pursady» diýlip atlandyrylýar.
Eseriň awtory – bezegçi-nakgaş Gulýa Gurbanowa bu şahyrana manzaryň – duýdansyzlykda söýgi sözleri aýdylan pursatyň ýatlamasydygyny aýtdy. Şonuň üçinem bu iş romantika ýugrulan, gatbar-gatbar manydan doly.
Gulýa Gurbanowa bilimi boýunça biolog, özem biologiýa ylymlarynyň kandidaty. Kär saýlamakda ene kesbini dowam etdi. Gulýa Maýlyýewna ylmy ýoly halaýar. Maral Bazarowna Amanowa we Maýa Gaýybowna Nepesowa, şeýle hem Margarita Grantowna Muşkambarowa ýaly ylma berlen zenanlary nusgalyk saýýar.
Ol birdenkä kärini üýtgetdi we özünde nakgaşlyk zehinini açdy.
-Bir gezek Belorusda ýapon žiwopis eserleriniň sergisine barmak miýesser etdi – diýip Gulýa gürrüň berýär. –Gün dogýan ýurtdan bir nakgaş bu ýere gelenlere ýüzlenip: «Surat çekip bilmeýän ýok-da, şeýtmäge irinýänler bar» -diýdi. Onuň sözleri maňa şeýle bir täsir etdi welin, öýe gelenimden çotgajygy tuşa batyrdym-da, oňa kagyz ýüzünde «tans etmäge» maý berdim. Ondan ýapon tilsiminde hrizantema döredi, täze kagyzda – sakura, soňundan durna döredi, onsoň şeýtdi-de gidiberdi. Serginiň çäklerinde guralan ussatlar sapagynyňam haýry degdi.
Oglum Alanyň dostlary dessine suratlaryma eýe çykdylar, şonda men döredijilikdäki ilkinji synanşygymyň şowly bolandygyna düşündim.
Keçe tilsimli suratymyň Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guran bäsleşik-sergisinde ikinji orna mynasyp bolandygyny bilenimde bir ganat baglap uçmadym. 3D täsirini gazanmak üçin dişlije ýörüte iňňejik bilen suratyň düşegine ýüňleri salmakda çeken alty aýlyk irniksiz işimiň ykrak edilmegi höwesimi has-da artdyrdy. Gije diýmän, gündiz diýmän döredesim geldi. Durmuş her gaty açyşlara, duşuşyklara, wakalara baý ýokary galýan basgançaga meňzedi...
Meniň şekillendiriş sungatynda ýörüte bilimim bolmasa-da, babam Baýly Şarapow meniň üçin görelde boldy, ol ömrüni Hazara bagyşlasa-da, bu oňa ilkinji tematiki halylaryň biriniň awtory bolmagyna päsgel bermedi. Ol 1925-nji ýylda Leniniň portretiniň eskizini döredipdir, ony mamam hala geçiripdir. Ýokary çeperçilikli bu eser indi Türkmen halysynyň milli muzeýinde görkezilýär.
Men lenta nagyş çekmekde-de, gurjak tikmekde hem, gipsden heýkeljiklleri ýasamakda-da, gap-gaçlara surat salmakda-da güýjümi synadym, akwarel we akril usulynda žiwpois eserlerine-de gyzyklandym. Olaryň käsini goýdum, başgalarynda, mysal üçin, tarelkalara surat çekmekde üstünlik gazandym, meniň bu ugurda eden ençeme işimiň ählisine diýen ýaly hyrydaram tapyldy.
Döredijilige durky bilen berlen bolsa-da, Gulýa Gurbanowa biolog alymlygyna galýar. Bu onuň surat salan tarelkalarydyr daşjagazlarynda-da göze ilýär. Olarda güllerdir sentimental manzarlar däl-de, ... her hili mör-möjekler çekilen. «Maksadym adamlarda haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip barýan görnüşlerine, şol sanda mör-möjeklere aýawly garaýyş döretmek. Men özümi ekologiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde meýletin duýýaryn»- diýip ol gürrüň berýär.
Gulýa Maýlyýewnanyň hiç ýerde görkezilmedik, hat-da heniz at hem berilmedik, Garagumyň çägelerini ýada salýan açyk sary fondaky bir suraty bar, onda dört guşuň bir ýana, biriniňem olaryň ters ugruna barýan pursady şekillendirilipdir. Bir görseň, ýordumy ýönekeýje ýaly bolsa-da, aslynda onuň filosofiki manysy bar, bu işi görenleriň hersi ondan özüçe many çykarýar. Belki, birine ol dünýa taryhynyň we janly tebigat dünýäsiniň syrlaryny çözýän batyrgaý adamlary ýatlatsa, başga biri onda şahsyýst metaforasyny görýändir...
Üýtgeşik mele-çal perli serçelere bagyşlanan «Gum serçelerini arzuwlap» atly şahyrana işinde Repetek biosfera goraghanasyndaky serçeler şekillendirilipdir. Dürli ýurtlardan ornitologlar guşlaryň seýrek duşýan şu görnüşini öwrenmek üçin bu ýere gelýärler.
Gulýa Gurbanowanyň üýtgeşik işleriniň biri-de birnäçe tarelkadan we iki tüňçeden ybarat gap-gaçlar toplumydyr. Onuň suratlary gyzylymtyl-sary reňklerde berlipdir, olarda «esasy gahrymanlar» tomzaklaryň ýitip barýan görnüşleridir. «Men janly tebigatyň jandarlarynyň ählisine aýawly garamalydygyna ünsi çekmek isledim. Bu işim bilen tanşanlarda gidip barýan tomzagy öldürmek höwesi döremez diýip umyt edýärin» -diýip, Gulýa Maýlyýewna öz işini teswirleýär.
Iň esasy-da, bu näzik we şadyýan zenan özüne hem-de beýlekilere höwesiň bolsa, islendik ýaşda-da döredijilige başlap bolýandygny, özüniň özboluşly we täsirli sungaty bilen ýapon nakgaşynyň: «Surat çekip bilmeýän ýok-da, şeýtmäge irinýänler bar» diýen sözlerini subut etdi.