LEBAP WELAÝATYNDA PAGTA ÝYGYMYNA TOPLUMLAÝYN TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Amyderýa jülgesiniň gowaça atyzlary ak patrak bolup otyr, bu bolsa «ak altynyň» bol hasylynyň ýetişdirilendigine şaýatlyk edýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda 120 müň gektara ýere ekilen bu gymmalty ekinden 295 müň tonna «ak altyn» ýygnamak göz öňünde tutulýar. Esasan ýokary hilli süýüm köp alynýan elita sortly hasylyň aglaba bölegi kombaýnlar bilen ýygnalar.
Pagta ýgymynyň başlanmagyna çenli döwürde sebitde ýetişdirilen hasyly ýokary hilli we öz wagtynda ýygnamak üçin taýýarlyk toplumlaýyn çäreler geçirildi.
Ýokary öndürijilikli kombaýnlardyr ýetişdirilen hasyly welaýatyň pagta kabul ediş edaralarynyň 48-sine daşamak üçin ulaglar taýýarlanyp goýuldy. Amyderýa jülgesiniň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 11-sinde abatlaýyş işleri geçirilip, olar pagtany kabul etmäge we gaýtadan işlemäge taýýar edildi.
Pagtaçylyk – daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we olary eksporta gönükdirmek milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden ýurduň oba hojalyk toplumynyň strategiki pudagydyr.
Oba hojalyk toplumynyň bu pudagynyň netijeli işledilmegine gönükdirilen düzümleýin diwersifikasiýanyň çäklerinde pudagyň maddy taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna, agrotehnikanyň we meliorasiýanyň öňdebaryjy usullaryny önümçilige ornaşdyrmaga, seçgiçilige we tohumçylyga köp möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän klaster döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär, hojalygy ýöretmegiň täze usullary we maddy taýdan höweslendirmegiň çeýe ulgamy ornaşdyrylýar, 2019-njy ýyldan başlap, pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş bahalary hem ýokarlandyryldy.