AŞGABATLYLAR WE PAÝTAGTYMYZYŇ MYHMANLARY KOREÝ DÄPLERI WE MEDENIÝETI BILEN TANŞARLAR
Aşgabatda 3-nji sentýabrdan 6-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Koreýa Respublikasynyň guramagynda Koreý hepdeligi geçiriler. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň ýaşaýjylary säher tämizligi Ýyrdunyň däpleri we sungaty bilen tanşarlar.
Koreý hepdeligi hanbok –zenanlar milli lybaslarynyň sergisi bilen açylar, ol 3-nji sentýabrda sagat 16-dan 20-ä çenli «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezinde bolar. Sergä gelenlerde diňe bir bezeg-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşman, eýsem özboluşly lybaslary geýip görmäge-de mümkinçilik dörediler.
4-nji sentýabrda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Aşgabat» kinoteatrynda sagat 18-den 21 aralygynda koreý kinosungaty bilen tanşyp bilerler. Hanbok koreý lybaslarynyň sergisi oňa sazlaşyk berer.
5-nji sentýabrda 18 sagat 15 minutdan 19 sagat 15 minut aralygynda Magtymguly adnyndaky Sazly-drama teartynda koreý halkynyň milli söweş sungaty bolan thekwondo boýunça görkezme çykyşlary bolar.
Hepdeligiň jemleýji güni, 6-njy sentýabrda çäreleriň ikisi geçiriler. «Ýyldyz» myhmanhanasynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan seminar geçiriler, «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezinde bolsa, sagat 18-den 21 aralygynda koreý halkynyň tagamlary bilen tanyşmaga we özboluşy ajaýyp tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik dörediler.