img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABARLAR

photo

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Serdarmyrat Ataýewiç Abakow;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hommat Hudaýnazarow;

Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mähriban Annadurdyýewna Annaýewa;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Eziz Tagandurdyýewiç Taganow;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şamuhammet Nizamjanowiç Baltaýew;

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Didar Aşyrberdiýewiç Aşyrberdiýew “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de olara bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.