HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HAZAR STRATEGIÝASYNYŇ ÄHMIÝETI BMG-NIŇ RESMINAMALARYNDA BEÝANYNY TAPÝAR

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, birinji HYF-nyň jemleýji resminamasynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oňa girizilen konseptual teklipleriniň taryhy ähmiýeti nygtaldy, bu resminamada Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreş babatynda häzirki zaman ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan Hazar meselelerine uly orun berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralan birinji Hazar ykdysady forumy köp sanly döwletler üçin wagty ýeten hem-de möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda giň gerimli we wekilçilikli çärä öwrüldi, bu meseleleriň oňyn çözgüdi sebitiň barha artýan geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, onuň geljegine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, garaýyşlaryň hem-de pikirleriň gabat gelşiniň synagdan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistan Hazarýaka döwletler bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen hem anyk we strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürmek bilen, şu ýagdaýlaryň ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki iş üçin şertleri döretmek mümkinçiliklerinden ugur aldyk.

HYF-2019-a Hazar «bäşligi» döwletleri bilen goňşy döwletleriň hem-de çäk babatda uzakda ýerleşýän, emma şu sebitde ykdysady bähbitleri bolan 60-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň geçirilen wagtynyň däp boýunça 12-nji awgustda bellenilýän Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmegi bellärliklidir. Foruma gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň öz ýurtlarynyň wekiliýetlerine ýolbaşçylyk edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelmegi birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejesini tassyklady.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şeýle hem foruma dünýäniň dürli döwletlerinden wekiliýetler, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň esasy düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň we beýlekileriň, iri maliýe-bank edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary hem boldy.

Forumyň maksatnamasy köp sanly çäreleri, işewürler duşuşyklaryny we gepleşikleri, hökümetara mejlisleri, ministrler derejesinde maslahatlary, işewürler geňeşlerini, bilermenler geňeşmelerini, ugurdaş maslahatlary we okuw maslahatlaryny, beýleki wakalary özünde jemledi. «Hazar innowasion tehnologiýalary» halkara sergisi we «Türkmen-sährasy — 2019» halkara awtomobil sergisi forumyň iň iri çäreleri boldy, bu sergä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, myhmanlar we foruma gatnaşyjylar baryp gördüler.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda halkara resminamalaryň 57-sine gol çekildi, olar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hem-de maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport ýaly ugurlara degişlidir.

Forumyň jemleri, onuň işiniň dowamynda gazanylan we jemleýji resminamada beýan edilen ylalaşyklar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony anyk durmuşa geçirmekde höweslendiriji şert bolup durýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň ýokarda agzalan çözgüdi «Hazar taslamasynyň» ynsanperwerlik ugra eýerýändiginiň möhüm subutnamasy boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejeli döwlet bolmak bilen, daşary syýasatynda ähli işlerde parahatçylyk dörediji ornuna ygrarly bolup galýar, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde düýpli ykdysady wezipeleri ynsanperwerleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden giňişleýin çykyşynda Hazar sebitiniň ählumumy ähmiýetine ünsi çekdi, onuň baý serişdeleri adamzada ägirt uly peýda getirmäge ukyplydyr. Şunda milli Liderimiz ekologiýa meselelerine, bu deňziň täsin ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berdi.

Hazar sebitindäki ykdysady taslamalar ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz HYF-a gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu deňziň baý tebigy serişdeleriniň aýawly saklanylmagyna hem-de rejeli ulanylmagyna gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky pikiri aýdyp, biz ekologiýanyň ykdysady hem-de täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ugurlaryny ýola goýmak üçin bu işe döwletleri, halkara agentlikleri, ekologiýa merkezlerini hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi teklip etdi.

Ekologiýa meseleleri umumydünýä gün tertibiniň ileri tutulýan ugrudyr, sebäbi ol adamzat ösüşiniň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak ulgamynda ylmy-barlaglary geçirmek baradaky başlangyçlary birinji HYF-a gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň giň goldawyna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň kemala gelýän Hazar meýdançasynyň ähmiýetini nygtamak bilen, «şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez» diýip, munuň kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmek bilen baglanyşykly meselelerdigini aýratyn belledi.

Türkmen Lideriniň geografik babatda hem, durmuş-ykdysady babatda hem Hazaryň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň ugurlarynyň biri bolup durýandygy baradaky garaýşy örän möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň durnuklylygynyň, energetika howpsuzlygynyň, ekologiýa deňagramlylygynyň umumy Hazar öýüniň esasy daýanjy bolup durýandygy baradaky sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň konsepsiýasy bolup biler, onuň durmuşa geçirilmegi Hazar sebitine dünýä-ykdysady ulgamynda öňdäki orunlary eýelemäge mümkinçilik döreder.

Energetika ulgamynda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy umumy ykrar edilen ýagdaýdyr, ol kenarýaka ýurtlaryň we olar bilen goňşy döwletleriň ählisiniň ykdysadyýetleriniň ösmegine kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr, bu bolsa, öz nobatynda, durmuş meseleleriniň köpüsiniň oňyn çözgüdine — täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuşyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, durmuş düzümleriniň ösdürilmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, bu ugruň geosyýasy mümkinçilikleri bolsa onuň dünýä bazarynda ornunyň we täsiriniň artdyrylmagyndan ybaratdyr we tutuş sebitiň ykdysady keşbini düýpgöter özgertmäge ukyplydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebit logistika merkezini döretmek baradaky teklibi ýatlatdy. Milli Liderimiz diňe bir teklibi beýan etmek bilen çäklenmän, şol merkeziň Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda bilelikdäki işleri utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitiniň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň zerurdygyny hem nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz bu gatnaşyklaryň durnukly syýasylaşmakdan hem-de ynsapsyz bäsleşikden azat bolmalydygyny aýtdy. Ugurdaş halkara düzümler, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen komissiýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň tehnologiýa we innowasiýa taýdan okgunly ösüşi üçin binýatlaýyn meýdança hökmünde halkara innowasion tehnologiýalar merkezini («Hazaryň innowasion şäheri») döretmek baradaky beýan eden teklibi birinji HYF-nyň wekilleriniň, diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl-de, beýleki onlarça ýurtlaryň işewürler toparlarynyň uly gyzyklanmasyna we giň goldawyna eýe bolandygyny hem ýatladýarys.

Gatnaşyjy ýurtlaryň Hazar sebitiniň döwletleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň, şol sanda BMG-niň sebit komissiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we utgaşdyrmagy ugur edinýändikleri birinji HYF-nyň jemleýji resminamasynda möhüm orny eýeledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, HYF — 2019-a gatnaşyjy ýurtlara Milletler Bileleşiginde Hazar sebitini toplumlaýyn ösdürmek boýunça giňişleýin we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi-de teklip etdi. Bu teklip hem foruma gatnaşyjylar tarapyndan makullanyldy, çünki BMG-niň gurallarynyň herekete girizilmegi goşmaça täsirleri döreder hem-de sebitiň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrar.

Hazarýaka döwletleriň kenarýaka şäherlerinde Hazar ykdysady forumyny yzygiderli geçirmek baradaky çözgüt forumyň esasy jemleriniň biri boldy. Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar üçin «geljegiň nusgasy» strategiýasyny kesgitledi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň ykrar edilmegi hem-de onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşyjylaryň arasynda ýaýradylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň täzeçil strategiýasynyň täze eýýamyň syýasaty hökmünde Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe bolýandygynyň, amala aşyrylmagy üçin kuwwatly itergi alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.