ÄHLUMUMY TAGALLALARYŇ JÄHTINDEN OZON GATLAGYNYŇ GORAGY

«Ozon gatlagyny dikeltmek boýunça 32 ýyl bäri üstünlikli alnyp barylýan iş» -- bu BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýörüte Rezolýusiýasy bilen döredilen Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni-2019-yň şygarydyr. Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyna gol çekilen senesi bellenilýän ekologiýa güni adamlaryň saglygynyň hatyrasyna we bioköpdürlüligi saklap galmak üçin Ýeriň ozon gatlagyny saklap galmak hem-de howanyň ählumumy derejede üýtgemegine ýol bermezlik ugrunda tagallalary we maddy serişdeleri birleşdirmegiň wajyplygyny ýatladýar.

Wena konwensiýasyna we ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyna gol çekilen wagtyndan (1987-nji ýyl) bäri olara düzedişleriň bäşisi girizildi. Türkmenistan olaryň dördüsine: London (1990 ý), Kopengagen (1992 ý), Monreal (1997 ý) we Pekin (1999 ý) düzedişlerine goşuldy. 2016-njy ýylda ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň ornuna ulanylýanlarynyň iş ýüzünde parnik gazlary bolup çykan täze görnüşlerini ulanylyşyny çäklendirýän täze Kigali düzedişi kabul edildi. Monreal protokolunyň durmuşa geçirilmegi tutuş dünýäde sowadyjy enjamlarda we splitlerde ulanylýan ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň 99 göteriminden tapgyrlaýyn ýüz öwrülmegine getirdi.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon merkeziniň işgärleri Anžela Gaziýewa we Mähri Saparowa söhbetdeşlikde ýurdumyzda ozon gatlagyny dargadyjy maddalary ulanmakdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini bellediler. Türkmenistanyň Wena konwensiýasyny we Monreal protokolyny tassyklan döwründen bäri Monreal protokolyna düzedişleriň dördüsini kabul etmegi, ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň we düzüminde şolar bolan önümleriň ýurda getirilmegini hem-de ýurtdan daşary çykarylmagyny lizenzirlemek ulgamyny girizmegi, ony kämilleşdirmegi we herekete girizmegi umumy işe saldamly goşant boldy.

Ýurdumyz Monreal protokolyna eýerýär: Monreal protokloyna A, B we E goşundylarda göz öňünde tutulan maddalar we goşundylar: metil-bromid, dörthlorly uglerod, hlorftoruglerod ulanyşdan aýryldy, R-22 freonyň ulanylyşy bolsa berk düzgünleşdirilýär. 2010-njy ýylda Türkmenistanda 2012-2020-nji ýyllarda gidroftoruglerodlary ulanyşdan tapgyrlaýyn aýyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy.