TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILDI BELGILI KOMPOZIT MATERIALLARDAN ÝASALAN SANTEHNIKALAR SERTIFIKATLAŞDYRYLDY

Aşgabadyň «Türkmenkabel» zawodynyň hünärmenleri köp komponentli materiallardan santehnika önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kärhananyň meýdançasynda açylan ýörüteleşdirilen sehde aýnaplastikden dürli görnüşli we ölçegli wannalaryň hem-de rakowinalaryň iki ýüzden gowragy çykaryldy. Ýakyn wagtda stoluň üstki tagtasy we unitaz hem öndüriler.

Uniwersallygy, oňaýlylygy we giň ulanylyşy bilen tapawutlanýan kompozit materiallar çalt depginlerde bazary eýeleýärler. Sehiň hünärenleri geljekde santehnika enjamlarynyň giň görnüşini: ýeňil we berk materialdan üýtgeşik dizaýnly wannalary, SPA-howuzjyklary, duş otagçalaryny çykarmagy göz öňünde tutýarlar.

Kärhana aýnaplastikden ýasalýan önümlere laýyklyk sertifikatyny aldy. Paýtagtymyzyň gurluşygynyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan 9 gatly jaýlaryň otalgary hem ýeňil we berk önümler bilen enjamlaşdyrylar.

Aýnaplastikden başga-da, mermer zerrejiklerinden we kwars çägesinden ybarat polimerbetony hem santehnika enjamlarynyň önümçiliginde ulanmak göz öňünde tutulýar.