TÜRKMENABADYŇ ZERGÄRÇILIK ZAWODY ÖNÜMLERIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRDY

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «TürkmenAltyn» zawody ýurduň Garaşsyzlygynyň baýramyna gabatlap şaý-sepleriň täze görnüşlerini çykaryp başlady. Olaryň dizaýny alyjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp taýýýarlanyldy. Ýylyň başyndan bäri altyndan we kümüşden önümleriň 50-ä golaý görnüşiniň, şol sanda milli äheňdäki görnüşleriniň çykarylyşy ýola goýuldy.

Häzirki wagtda zawodda önümleriň 3 müňden gowrak görnüşi çykarylýar. Olar – ýüzükler, zynjyrjyklar, gülýakalar, gulakysyrgalar, beýleki zergärçilik önümleridir, şol sanda gymmat bahaly daşlardan ýasalýan önümlerdir, şeýle hem milli şaý-sepler we sowgatlyklardyr. Ýylyň başyndan bäri kärhanada 5,5 million manatlyk önüm çykaryldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli köpdür.

Paýtagtymyzda we ýurduň welaýat merkezlerinde «TürkmenAltyn» firma dükanlary hereket edýär. Kärhananyň marketologlary gymmatly önümleriň müşderileriň talabyna laýyk gelmegi üçin esasy diýaznerlik trendleri we zergärçilik önümleri bazarlarynyň ýörelgelerini, alyjylaryň isleglerini öwrenýärler.