TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GFR-IŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Angela Merkeliň mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda okgunly ösýän we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan ýurdumyz bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň GFR-iň we tutuş Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygy duşuşygyň barşynda bellenildi.

Milli Liderimiz ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Germaniýanyň hökümetine türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň iki ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandyklary nygtaldy.

Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady. Hut türkmen Lideriniň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary guramaga döredijilikli çemeleşmesi dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki möhüm taslamalaryň köpüsiniň üstünlikli bolmagyny kesgitledi.

Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag, şähergurluşyk ulgamlary, obasenagat toplumy we beýleki köp sanly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajyplygyna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz we GFR-iň doly ygtyýarly wekili ylym-bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şol sanda German akademiki alyşmalar gullugynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, bu ulgamda ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Iki döwletiň degişli edaralary tarapyndan guralan hem-de Germaniýanyň dürli şäherleriniň raýatlaryny we myhmanlaryny ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Diplomat bu serginiň guralmagynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge uly üns berýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmen we nemes alymlarynyň arheologik barlaglary geçirmek hem-de golýazma mirasyny aýawly saklamak ulgamynda alyp barýan bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan işleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga, birek-birek baradaky bilimleri giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtady.

Jenap Naýthart Hýofer-Wissing duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de GFR-iň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde işinde üstünlikler baradaky hoşniýetli arzuwlary üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz tarapyndan däp bolan hoşmeýilli gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.