DIÝARYMYZYŇ SEBITLERINDE BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI BINAGÄRLIK AÇYLYŞLARY

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň hem-de himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabaralary boldy. Dabaralar ýakynlaşyp gelýän şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalarynyň aýrylmaz böleginiň raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokary ölçeglerini gazanmakdan ybarat bolup durýandygyny bellemek gerek.

Täze ýaşaýyş jaýlary welaýatyň dolandyryş merkezinde guruldy. Olarda şäher ýaşaýjylarynyň segsen maşgalasy täze jaý toýlaryny tutdular.

Dört gatly iri panelli jaýlaryň ikisi «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demirbeton önümleri zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan «Nowruz» diýen kiçi etrapçada bina edildi.

Olaryň her biri otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan giň göwrümli we üçekleri beýik bolan 32 sany dört otagly we üç otagly öýlerden ybaratdyr.

Dört otagly öýüň umumy meýdany 125 inedördül metre, üç otagly öýüň meýdany 109 inedördül metre deňdir. Şeýle öýler üçin diwar panelleriniň çykarylmagyny Daşoguzyň demirbeton önümleri zawody önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde özleşdirdi.

Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan dört gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy guruldy. Ol şäher «takyklyk» diýlip atlandyrylýan usuly boýunça guruldy. Şunda täze gurulýan desgalar ozal bar bolan öýleriň arasynda sazlaşykly ornaşýar. Bu bolsa ýer bölegini hem-de hereket edýän inženerçilik-tehniki aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Täze binalarda oňaýly ýaşamak üçin hemme şertler döredildi. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossanlyga bürelipdir.

Ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy uly gerime eýe boldy. Diňe şu ýyl bu ýerde köp öýli ýaşaýyş jaýlary ulanmaga tabşyrylyp, olarda maşgalalaryň ýüzlerçesi jaý toýlaryny tutdular. Şu günler Şagadam, Daşoguz, Görogly hem-de beýleki köçeleriň ugrunda jaýlaryň onlarçasy bina edilýär, şolar durmuş-medeni maksatly zerur bolan hemme desgalary bolan täze ýaşaýyş toplumlary kemala getirýär.

Olaryň iň ulusy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň we desgalaryň täze toplumy bolar. Ol 71 gektar meýdana ýaýylyp gider. Onuň düzümine otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, jemi 1 müň 496 maşgala niýetlenen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 70-si girer.

Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalaryny giňden çekmek Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý gurluşygyny has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işiniň gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň biri bolandygyny bellemek gerek.

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrapda himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän sebitde ilkinji kiçi kärhana ulanmaga berildi. Ol Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy E.Atamyradowa degişlidir. Bu ýerde çykarylýan metal önümleri, dürli bezeg önümleri, çoýun önümleri we beýlekiler ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki desgalary gurmakda peýdalanmaga niýetlenendir.

Daşary ýurtlaryň meşhur öndürijileriniň ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen kärhananyň kuwwaty ýylda 6 müň 552 tonna önüm çykarmaga barabardyr. Önümçilik bölüminden başga-da, taýýar önümi saklamak üçin ammar, dükanlar, işçiler üçin naharhana toplumyň düzümine girýär.

Täze gurlan jaýlaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazlar belent ýaňlandy, has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çykyş edenler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini hemişe ýokarlandyrmaga gönükdirip, alyp barýan durmuş ugurly syýasaty hem-de Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyna şaýatlyk edýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.