NURLY MEYDAN: GUŞÇULYK FERMASYNDAN ÖNÜMÇILIGIŇ DOLY TAPGYRYNA ÇENLI

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky Nurly Meydan daýhan hojalygynda gurlan inkubatordan РОСС-308 tohumly et üçin ýetişdirilýän jüýjeleriň ilkinji tapgyry çykdy. Ýurdumyzda iň iri emeli usulda jüýje çykarmaga niýetlenen awtomatlaşdyrylan toplumda ýylda 12 million jüýje çykarylar.

Kärhana Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen. Inkubator bilen birlikde mäkileri saklamak üçin fermalaryň sekizisi guruldy, olardan inkubatora goýmak üçin 14 million ýumurtga alnar, şeýle hem jüýjle ýetişdirmek üçin 4 ferma guruldy.

Daýhan hojalygy Uzyn suw şäherçesindäki ýylda 20-30 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk fermasyny hususylaşdyrdy we onuň durkuny täzeledi. Bu ýerde inkubator işe girizildi, ketekler 100 müňe golaý mäkileri saklamak üçin täzeden enjamlaşdyryldy. Oktýabr aýynyň başyndan senagat taýdan önüm çykarylyp başlanar.

Häzir ýurdumyzda iň iri guşçylyk hojalygynyň düzüminde ýylda 3 milliona çenli ete niýetlenen towuk ýetişdirmäge niýetlenen awtomatlaşdyrylan ketekleriň sekizisi bar. Toplum ýurdumyzyň alyjylar bazaryna towuk etini iberýän iň iri kärhana öwrüldi. Her ýyl Nurly Meýdan daýhan hojalygyndan dükanlara 3 müň tonna çenli ýokary hilli guş eti ugradylýar, munuň özi tutuş ýurtda öndürilýän towuk etiniň 35 göterimidir.

Şu ýyl inkubator bilen bir wagtda owradylan hem-de külke guş iýmini çykarmak üçin kombikorm zawody gurulyp synagdan geçirildi. Täze kärhanada ýylda 75 müň tonna iým çykarmak göz öňünde tutulýar, ol diňe bir toplumyň islegini doly kanagatlandyrman, eýsem ýurduň beýleki ugurdaş hojalykalryna-da ugratmaga mümkinçilik berer.

Inkubatoryň we iým zawodynyň doly işe girizilmegi bilen kärhanada önümçiligiň gutarnykly tapgyry ýola goýlar. Bu bolsa hojalyga ýylda 8 müň tonna çenli towuk etini öndürmäge mümkinçilik berer.