NURKEREM: SUWDAN REJELI PEÝDALANMAGA TELEKEÇIL ÇEMELEŞME

Suwdan peýdalanmak ulgamynda işleýän ýurdumyzda ýeke-täk telekeçilik düzümi bolan «Nurkerem» hususy kärhanasy suw ýygnamaga we suwaryşyň döwrebap tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýän howdanlaryň gurluşygyny özleşdirdi.

Senagatçylar we telekeçiler birlşemesiniň agzalary bolan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň tabşyrygy boýunça «Nurkerem» hususy kärhanasynyň hünärmenleri umumy möçberi 500 müň kubmetr suw saklaýan emeli kölleriň 20-ä golaýyny gurdylar.

Ol ýa-da beýleki oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň düzgünlerine görä, 5 müň kub metrden 3000 müň kub metre çenli suw saklaýan howdanlar guruldy. Olar suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulanylyp bina edildi. Gidroizolýasiýa üçin geomembran material ulanylýar. Howdanlar ýagyş suwundan, guýylaryň we suwaryş ulgamlarynyň suwundan doldurylýar, olar kepilli on bäş we ondanam köp ýyl hyzmat edýär.