ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA ÝYLADYŞHANALARYŇ SANY ARTÝAR

Daşoguz welaýatynda döwlete, şeýle hem hususy pudaga degişli ýyladyşhanalaryň sany barha artýar. Olarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli önümlere içerki bazarlarda we daşary ýurtlarda isleg uly.

Telekeçilik başlangyçlarynyň toplumlaýyn goldanylmagy netijesinde sebitiň telekeçilik bileleşikleri gök-miwe önümlerini öndürmäge has yhlasly ýapyşýarlar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek we olary eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň J. Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde ýyladyşhana şäherçegi kemala geldi. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerlerde söwda nokatlaryny gök ekin önümleri bilen üpjün edýän şahsy pudaga degişli ýyladyşhanalar hereket edýär we gurulýar.

Şu günler «Altyn Tug» hususy kärhanasyna degişli iň iri ugurdaş desga ulanylyşa taýýarlanylýar. 12 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana meşhur enjam öndürijileriň awtomatik usulda amatly gyzgynlygy, çyglylygy we ýagtylygy saklaýan, gök ekinleri suwarýan we iýmitlendirýän döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen. Eýýäm ep-esli ýere pomidor ekildi. «Älem açar» hususy kärhanasy 4 gektar ýerde ýyladyşhana gurýar.