BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYK WE GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALYNYŇ TASLAMASY TAÝÝARLANAR

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe wise-premýer R.Meredow bilen bilelikde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Örän ýakyn wagtdan başga bir şanly sene hem ýetip gelýär. Nesip bolsa, biz 2021-nji ýylda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris. Şoňa görä-de, bu şanly senä hem häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz hökümet agzalarynyň ählisine ýüzlenip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde mynasyp adamlary sylaglamak üçin bagyşlanan ýubileý medalynyň hem taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy we bu şanly baýramçylygy geçirmegiň anyk çäreleriniň bolsa şanly waka golaýlaşanda doly kesgitleniljekdigini nygtady.