TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem käbir guramaçylyk meseleleri bilen bagly wezipeler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewi çagyrdy. Baş prokuror ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Baş prokuror Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň şanly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 868 raýatyň Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly Baş prokurora iberdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.

Döwletimiz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara Garaşsyz Watanymyzyň depginli ösüşine işjeň gatnaşyp, öz günälerini halal zähmet bilen ýuwmaklary üçin zerur mümkinçilikleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, şeýle hem beýleki ýolbaşçylaryň günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidigini aýdyp, günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, oňa ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şolaryň depginini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, pagta ýygyjy kombaýnlar işe girizilmäge taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda wajyp oba hojalyk möwsümlerini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta ýygyjy kombaýnlaryň işini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygyny belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda ministre birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň barşy hem-de bu işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, bu işleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem pagta ýygymy möwsüminiň dowamynda oňa gatnaşýan düzümleriň işiniň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny aýdyp, öňde durýan wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, A.Ýazmyradowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden wagtlaýyn boşadýandygyny aýtdy.

Döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol komitetiň başlygynyň orunbasary J.Sedekowyň üstüne ýüklenildi. J.Sedekow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oňa işinde üstünlik arzuw etdi hem-de bu düzümiň öňünde durýan möhüm ugurlara onuň ünsüni çekdi. Soňra degişli resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýer E.Orazgeldiýewe iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.