TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY ELEKTRON TÖLEGLERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ORNAŞDYRÝAR

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi banky ösdürmek, onuň maliýe durnuklylygyny hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem hususy ulgamyň kärhanalarynyň we telekeçileriň işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy, olaryň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen baglylykda, bu meseleler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan «MasterCard» plastik kartlar arkaly amallar eýýäm köpden bäri geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda işe giriziljek ulgamyň aýratynlygy onuň kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr.

Şeýle kartlaryň artykmaçlygy olary ulanmagyň amatlylygy, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi we howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň eýeleri bir basyş arkaly PIN–kody girizmezden, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda harytlar we hyzmatlar üçin dessine tölegleri amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gatnaşyksyz tehnologiýalary kabul etmäge ukyply ýörite töleg terminallary zerur bolup durýar.

Ulanyjylaryň girdejileri we maksatlary bilen baglylykda, olaryň her biri üçin «MasterCardyň» öz formaty işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, «MasterCard Maestro» — bu manat plastik kartydyr. Bu karta onuň eýesiniň zähmet hakyny milli pulda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu kart 50 manat möçberindäki çägi bellemek arkaly gatnaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

«MasterCardyň» tehnologik çözgütleri hödürlenýän hyzmatlaryň üstüni ýetirmek we giňeltmek mümkinçiligine eýedir. Şeýle çözgütleriň binýadynda «Loýallyk maksatnamasy» ornaşdyrylar. Onda Türkmenistan boýunça supermarketler we dükanlar ulgamynda satyn alnan harytlar üçin sowgatlary toplamak göz öňünde tutulýar.

«MasterCard Standard» — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Müşderilere amatly we özüneçekiji hem-de banklar üçin ykdysady taýdan maksada laýyk bolmagy üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagt pullary bir gezek almagyň amatly möçberini bellemek hem-de nagt däl hasaplaşyklary, internet-tölegleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

«MasterCard Gold» — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni hem diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Ýöne, ol «MasterCard Standard» kartyndan aýda nagt pullary almagyň we nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň has ýokary çägi bilen tapawutlanýar. Onuň eýesine geljekde hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň elýeterli bolmagy bu kartyň goşmaça artykmaçlygy bolup durýar.

Mysal üçin, özüne saparlary we dünýä boýunça gezelençleri guramagy, myhmanhanalary seçip almagy we öňünden sargyt etmegi, petekleri satyn almagy birleşdirýän «Konserž-serwis», tutuş dünýä boýunça howa menzillerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda, restoranlarda we dynç alyş ýerlerinde, hatda uçaryň üstünde we beýleki ýerlerde simsiz internete çäksiz elýeterliligi üpjün edýän «BoinGo Wi-Fi» hyzmatlary elýeterli bolar.

Öz nobatynda, «MasterCard Platinum» — «premium derejesindäki» plastik kartdyr. Ol diňe daşary ýurt pulunda üstüniň ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu kartyň eýeleri nagt pullary almak hem-de nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary çäksiz geçirmek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Mundan başga-da, kart ýokarda agzalanlar bilen birlikde, goşmaça hyzmatlaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şolaryň hatarynda dünýä boýunça howa menzilleriniň biznes-zallarynyň elýeterliligini, müşderiniň elektron goldaw gullugyny, hyzmatlaryň wirtual töleglerini hem-de daşary ýurtlarda kartyň bolmadyk ýagdaýynda, nagt pullaryň çalt berilmegini göz öňünde tutýan hyzmatlary görkezmek bolar.

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) habar berişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank edaralarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, elektron hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär.

Hususan-da, häzirki wagtda «MasterCard» plastik kartlarynyň ähli görnüşlerine tapgyrlaýyn Internet-banking hyzmatlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam şahsy kompýuterleriň kömegi bilen, tranzaksiýalary geçirmäge, bankomada ýa-da terminala barmazdan tölegleriň ählisi barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. SMS-habar bermek, bankyň Call-merkezine gije-gündiziň dowamynda elýeterlilik hyzmatlaryny we beýlekileri üpjün edýär.

Başgaça aýdylanda, müşderi öz hasabynda duran, bank töleg karty resmileşdirilen pul serişdelerini öýünden, edarasyndan çykman ýa-da dünýäniň islendik nokadyndaky şypahanada dynç almak bilen, hepdäniň ýedi gününde, gije-gündiziň 24 sagadynda dolandyryp biler.

Türkmenistanlylar eýýäm elektron «gapjyklarynyň» we nagt däl hasaplaşyklaryň artykmaçlyklaryna doly derejede baha bermäge ýetişdiler. Çünki, ulanyjylar - kartyň eýeleri üçin amatlyklardan başga-da, elektron maliýe hyzmatlary pul geçirimleriniň bahasyny peseldýär we olaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.

Elektron pullary — munuň özi Internet ulgamynda tapylgysyz zatdyr. Olaryň kömegi bilen ulgam arkaly satyn almak, elektron kitaplary we žurnallary, okuw serişdeleri üçin tölegleri geçirmek, petekleri sargyt etmek bolýar.

Halkara plastik kartlary daşary ýurtlara sapara gidýän hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlara dynç almaga gidýän adamlar üçin örän amatlydyr. Karta pul serişdeleriniň haýsy walýutada goýlandygyna garamazdan, hyzmatlary we harytlary tölemek üçin olary şol ýurduň pulunda alynýar.

Konwertasiýa amaly öz-özünden töleg ulgamynyň ýeňillikli kursy boýunça amala aşyrylar. Kart ýitirilen mahalynda, ony ýapyp bolýar we soňra kartyň täzesini alyp bolýar. Şunda pullar hasapda bankyň goramagynda galýar.

Bilermenler ýakyn ýyllarda elektron töleg serişdeleriniň uly ösüşe eýe boljakdygyny belleýärler — bu ulgam özbaşdak bazara öwrülýär. Ilatyň anyk girdejileriniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, ýurdumyzda hem elektron pullarynyň meşhurlygy artýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, degişli düzüm, onuň programma — tehniki üpjünçiligi döredilýär, Türkmenistanda Internet-söwda ulgamy ýola goýulýar.

Biziň ildeşlerimiziň köpüsi zähmet haklaryny bank kartlary arkaly alýarlar. Olaryň ählisi tölegleri kabul etmek boýunça elektron terminallar ulgamynyň ep-esli giňeldilmegini, bankara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.

Türkmen banklarynyň esasy daşary ýurt töleg ulgamlaryna gyzyklanmasy tötänden däldir. Şeýle elektron kartlarynyň çykarylmagy bank hyzmatlarynyň dünýä ulgamyna goşulyşmaga, bankyň işewürlik abraýyny belende galdyrmaga, müşderileri çekmäge mümkinçilik berýär. Halkara maliýe-ykdysady işine gatnaşmak iň täze bank tehnologiýalaryny özleşdirmäge, ählumumy möçberde hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin ägirt uly düzümden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň banklarynyň bu ugurda tejribe toplamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kesgitlän möhüm wezipeleriniň biridir.