KAMAZ-6520 AWTOMOBILLERINIŇ TÄZE NUSGALARYNYŇ ILKINJI TAPGYRY GELIP GOWUŞDY

Kamsk (RF-niň Tatarstan Respublikasy) awtomobil zawodynda öndürilen awtomobilleriň täze tapgyry – 200-si ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalaryna gelip gowuşdy. Ýüküni özi düşürýän KAMAZ 65-20 kysymly ulaglaryň kämilleşdirilen täze nusgasy Ýewro-3 ölçegli dizel ýangyjynda işleýär. Onuň 400 at güýçli hereketlendirijisi diňe bir kuwwatlylygy bilen tapawutlanman, eýsem ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär we ýangyjy tygşytly harçlaýar. Täze awtomobil gohy peseldýän ýörüte enjam bilen üpjün edilen, bu bolsa sürüjä amatly iş şertini döredýär.

Russiýanyň dünýä belli zawodynyň maşynlary paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan iri gurluşyklarda işlediler. Hususan-da, ýük ulaglary agentlige degişli edaralara bölünip berildi, olardan 40-sy Aşgabadyň, 50-si Ahal, 20-si Balkan, 25-si – Daşoguz, 35-si Lebap we 30-sy Mary welaýatlarynyň degişli düzümlerinde ulanylar.

Şu ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary «KAMAZ FTC CORP. LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasyndan awtobilleriň we KAMAZ kysymly ýörüte tehnikanyň uly tapgyryny (2 müňe golaýyny) tapgyrlaýyn satyn alarlar.