PAÝTAGTYMYZYŇ TAKSOPARKYNA TÄZE TOYOTA COROLLA KYSYMLY AWTOULAGLAR GELIP GOWUŞDY

2019-njy ýylda çykarylan Toyota Corolla kysymly awtoulaglaryň 70-si senrýabr aýynda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän paýtagtymyzdakky taksoparkyň ulaglarynyň üstüni ýetirdi. Olar Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlarlar.

Ulag serişdelerini «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ satyn aldy we Aşgabada getirdi. Ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen taksilerde elektron planşetler oturdylar, taksi çagyrmagyň onlaýn-tertibi ýola goýyldy.