HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝANY AMALA AŞYRMAGYŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan rejelenen görnüşinde tassyklanan howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň öňünde goýlan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralan maslahata pudaklaýyn ministrlikleriň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ylmy bileleşigiň hem-de käbir ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) ýetmek hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde başlangyç orny eýelemek bilen, DÖM-ni milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady maksatnamalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy.
Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin uly wehimleriň birine öwrüldi, munuň şeýledigini ýakynda Nýu-Ýorkda BMG-niň howandarlygynda geçirilen sammit aýdyň görkezdi. Biziň ýurdumyz bu meseläniň toplumlaýyndygyna düşünmek bilen, daşky gurşawy goramagyň hem-de tebigaty rejeli peýdalanmagyň meselelerine örän uly üns berýär, bu ugurlarda BMG-niň edaralary we beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, “Rio+20” sammitinde, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaýda geçirilen III Bütindünýä maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny hem-de täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan rejelenen görnüşde tassyklanylan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin strategiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu möhüm resminama degişli ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň nobatdaky tapgyryny alamatlandyrmak bilen, döwletiň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Şol maksatlar bilen halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işi dowam eder. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, ähli pudaklarda, ozaly bilen, ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depginini saklamaga ukyply nebitgaz, energetika, suw, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda, gurluşyk senagaty we ýaşaýyş-jemagat hojalygynda howa zyňylýan zäherli gazlary azaltmak boýunça netijeli çäreler yzygiderli amala aşyrylar.
Hususan-da, bu energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, energiýa we tebigy serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça çärelerdir.
Ýygnananlar bu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetini howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga ýardam edýän milli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellediler. Şeýle taslamalaryň hatarynda Garagum sährasynda gurulýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki döwrüň «ýaşyl» tehnologiýalary Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň hökmany şertidir.
Bu strategiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamalary taýýarlanylýar. Bu iş BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we beýleki birnäçe halkara guramalarynyň tehniki taýdan ýardam etmeginde ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki ugurdaş ministrlikler hem-de edaralar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
Strategiýany amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga ähmiýetli orun degişli bolar. Şol ýurtlarda howa zyňylýan zäherli gazlary azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak babatda iň gowy çemeleşmeler we iş tejribesi üstünlikli synagdan geçirildi. Şeýle hem bu ugurda BMG ÖM, ÝNEP, GEF, GIZ, Bütindünýä banky ýaly halkara guramalaryň tejribesi we mümkinçilikleri ulanylar.
Howanyň üýtgemegi hem-de onuň adamlaryň durmuşyna, ykdysadyýete we daşky gurşawa, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini, tebigy serişdeleri, şol sanda elektrik energiýasyny, gazy hem-de suwy rejeli sarp etmek endiklerini terbiýelemäge täsiri bilen bagly meseleler boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak hem möhüm ugur bolup durýar.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen rejelenen görnüşindäki howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä derejesinde daşky gurşawy goramak işine uly goşandynyň nobatdaky subutnamasydyr.