TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION TOPARYŇ BIRINJI MEJLISINDEN
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň işini tamamlady we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisiniň başlanýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň esasy maksady Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamakdan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toparyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Halk Maslahatynda eden çykyşymda belläp geçişim ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribe nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biz alyp barýan işlerimizde düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlarymyzdan ugur alyp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýoluny häsiýetlendirýän ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ýörelgelerine eýerýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda şu ýörelgeleri işjeň goldanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilýär.
Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza giriziljek üýtgetmelerde we goşmaçalarda şu ýagdaýlar göz öňünde tutulmalydyr. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başyny başlaýan giň gerimli oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy ugruny amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumyň ikinji mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek hem-de Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýetli taryhy ädim bolandygy, demokratik edaralary, döwletiň we jemgyýetiň bitewüligini berkitmegiň subutnamasydygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar.
Olaryň hatarynda şol özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak wezipeleri bar diýip, parlamentiň Başlygy belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işi Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde geçiriler.
Mejlisiň Başlygy öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edip, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Soňra milli Liderimiz adalat ministri B.Muhamedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrebap kämilleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň ýurdumyzda gazanylýan köpugurly ösüşleriň hukuk binýady bolup çykyş edýändigini belläp, bu möhüm işiň raýat jemgyýetini berkarar etmek, konstitusion özgertmeleri geçirmek, milli kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky teklipleriniň halkymyzyň giň goldawyna eýe bolandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparyna Adalat ministrliginiň wekili hem gatnaşýar. Bu wajyp işiň dowamynda ministrlik tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, hususan-da, parlamentleriň işi bilen bagly bolan kadalar seljerilýär, bu ugurda toplanan dünýä tejribesi öwrenilýär.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, onuň döwlet gurluşyndaky hem-de jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek bilen bagly özgertmeler milli kanunçylygymyzyň mundan beýläk-de kämilleşmegine ýardam berer we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde berk hukuk bolup hyzmat eder.
Milli kanun çykaryjy edaranyň işiniň iki palataly ulgama geçmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy baradaky konstitusion kadalaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna itergi berer diýip, ministr aýtdy.
Şeýle hem ministr milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde geçirilýän konstitusion özgertmeleriň demokratik-hukuk we dünýewi döwletimiziň täze taryhy döwre gönükdirilen maksatlaryna ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Adalat ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy toparyň agzalarynyň hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işgärleriniň hukuk özgertmelerini hem-de milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de Türkmenistanyň Esasy Kanunyny dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen ýakyn döwür üçin meýilleşdirilen işler barada habar berdi.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhy ähmiýetli iri möçberli maksatnamalar we taslamalar, möhüm syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligi gowulanýar.
Häzir milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýän Garaşsyz döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy dünýäde pugtalanýar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleri jemgyýetiň hem-de döwletiň baş baýlygy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilendir, munuň öz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hakynda başlangyjy ilatyň doly goldawyna eýe boldy diýip, häkim milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän maksatnamalaýyn sözüniň bu möhüm işi geçirmek üçin esasy ugur bolup hyzmat edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerinden ugur almak bilen, Mary welaýatynda şu mesele boýunça raýatlaryň tekliplerini hasaba almak we umumylaşdyrmak, olaryň ähmiýetli çärä işjeň gatnaşmagy, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny hem-de maksatlaryny düşündirmek üçin zerur çäreler görülýär diýip, welaýatyň häkimi Konstitusion toparyň öňünde goýlan ähli wezipeleriň doly ýerine ýetiriljekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýtdy.
Şunda hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynyň ähmiýeti bellenildi. Milli Liderimiz sözlän sözünde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sazlaşykly ykdysady ösüş, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, hukuk ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurdaky işler çäreleriň tassyklanylan meýilnamasy esasynda alnyp barylýar hem-de ilatyň syýasy-döwlet ähmiýetli çärä işjeň gatnaşmak üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem Esasy Kanunyň täze redaksiýasynyň taslamasy taýýarlananda bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesiniň hem-de döwlet gurluşygynyň toplanylan milli tejribesiniň hasaba alynjakdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek işlerini Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, raýatlar, ylmy edaralar, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy häzirki wagtda geçirilýän konstitusion özgertmeleriň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilmeginiň milli kanun çykaryjylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe gitmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.
TDP-niň, beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň ähli agzalarynyň hem-de işjeňleriniň milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjyny doly goldaýandyklaryny nygtap, Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlary diňläp, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň Başlygynyň orunbasary edip bellemek hem-de bu toparyň iş meýilnamasy baradaky teklipleri tassyklap, degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar ýurdumyzyň Mejlisi, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikleri we pudak edaralary, syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary we raýatlarymyz bilen ysnyşykly işläp, bu ugurda degişli işleri alyp barmalydyr.
Toparyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryna girizmek üçin üýtgetmeleri we goşmaçalary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu babatda Topar Mejlisiň iki palatadan ybaratdygyny, olaryň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny, ygtyýarlyklarynyň möhletlerini, olary döretmegiň we wekilçiligini üpjün etmegiň tertibini anyk kesgitlemelidir.
Şeýlelikde, dünýädäki kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda iki palataly kanun çykaryjy edaranyň sazlaşykly işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilen ähli kadalaryň berjaý edilmegini göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şu meselelere degişli düzgünler we kadalar döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmakda toplanan milli we halkara tejribäni öwrenmek esasynda, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen, işlenip taýýarlanmalydyr.
Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Kanuny we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryny seljermegiň hem-de şolara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly ähli işler ýurdumyzyň alymlarynyň, döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýat jemgyýetiniň beýleki wekilleriniň, raýatlarymyzyň köplüginiň pikirini beýan edýän adamlaryň giň toparynyň işjeň gatnaşmagynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Olardan gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreler giň gerimde bolmaly. Bu ugurda alnyp baryljak işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda kärhanalarda hem-de guramalarda duşuşyklary geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarydyr «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri guramagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, adalat ministri B.Muhamedowa hem-de Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe tabşyrdy.
Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek üçin parlamentarizmiň dünýäde toplanan tejribesiniň iň gowy düzgünlerini goldanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, bu ugurda geçirilýän işlerde Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy mümkinçiliginiň giňden peýdalanylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak we ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly çäreleri maliýe-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa ýokarda agzalan kanunyň taslamasyny halkymyz giňden ara alyp maslahatlaşar ýaly, sanly ulgamyň, kämil kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hem-de aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynyň merkezi edaralarynda, şeýle hem ýerli müdirliklerinde we bölümlerinde Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri toplamak we umumylaşdyrmak boýunça işi göwnejaý guramalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň milli parlamentiň işini kämilleşdirmek meselesine ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmelidigini nygtady. Ýurdumyz bilen ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk edýän beýleki döwletleriň ylmy edaralarynyň wekilleriniň mümkinçiligini giňden peýdalanmaly. Bu ugurda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlar, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri işjeň gatnaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip we olaryň öňünde konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly uly wezipeleriň durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz tekliplerini erkin beýan edip biler ýaly ähli mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak we howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin, Esasy Kanunymyzy täzelemegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny her bir harby gullukça düşündirmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary A.Serdarowyň, B.Annagurbanowyň, S.Owganowyň, G.Ataýewanyň hem-de Ý.Öwezberdiýewiň öňünde wezipeleri goýup, olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem milli parlamentiň işini kämilleşdirmek bilen bagly giňden düşündiriş işlerini guramalydygyny belledi.
Bu ugurda geçiriljek işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony 2020-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisinde seretmek üçin hödürlemek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmegi milli parlamenti türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwürmäge şert döreder. Häzirki döwrüň wagty ýeten wezipelerini çözmäge, saýlawçylar bilen deputatlaryň ysnyşykly özara gatnaşyklaryny has netijeli ýola goýmaga ýardam edýän kanunlary taýýarlamakda hem-de ulanmakda işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirer.
Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet häkimiýet edarasynyň kanun çykaryjylyk işini täze derejä çykarmaga hakyky mümkinçilik berer hem-de döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň wezipesini täze derejä çykarmaga şert döreder.
Şeýlelikde, şol edarany iş ýüzünde giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Konstitusion toparyň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemmeleriň tutanýerli işlejekdigine ynam bildirdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda birnäçe uly döwlet we syýasy çäreleriň geçirilendigini belledi. Bu çäreler ýokary derejede guraldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmelere, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryna, şol dabaralary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan aýry-aýry adamlara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu çäreleri taýýarlamakda hem-de geçirmekde aýratyn tapawutlanan adamlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara günüň ikinji ýarymynda sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanan ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.