HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

photo

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap, gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp, aýat-töwir okaldy.

Ýurt Garaşsyzlygyny goramakda, Türkmenistanyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçiren S.A.Nyýazowyň bitiren işleriniň nusgalykdygy barada aýdyp, milli Liderimiz bu işleriň unudylmaly däldigine ünsi çekdi.

Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan ynsanperwerlikli dessurlaryň häzirki zamanda döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän oňyn ýörelgelerine we ýagşy dessurlaryna laýyk derejede ösdüriljekdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde seýilgäh toplumynyň içi bilen ýöräp ugrady. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň seýilgählerini abadanlaşdyrmak, olarda dynç almak üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Munuň özi şäheriň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz seýilgähiň içi bilen ýöräp gelşine ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen baglanyşykly gürrüňini dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň doglan gününe 80 ýyl dolýandygyny aýtdy. Halkymyzyň asylly däbine eýerip, merhum Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşy berilmelidir. Munuň özi parz hasaplanýan ýörelge bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine bildirilýän hormat-sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem ol milletiň ynsanperwer däpleriniň mynasyp dowam edýändigini aňladýar.

Türkmenistanyň müftüsi soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, raýatlardan haýyr-sahawat serişdeleriniň gelip gowuşýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň oňyn ýörelgelerine laýyklykda berilýän haýyr-sahawatlaryň metjitler we täze metjitleriň gurluşygy üçin ulanylmalydygyny belledi. Munuň özi halk tarapyndan berilýän haýyr-sahawatyň degişli maksatlar üçin ulanylmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyz häzir bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Döwletimiziň berkararlygy, onuň ykdysady kuwwaty adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleriň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

 

* * *


Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.

Goý, Beýik Biribaryň dergähinde şu günki edilen doga-dilegler kabul bolsun!

Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!