img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BIRŽA TÄZELIKLERI

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler sintetiki benziniň önümçiliginden alnan suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah mata we ýüplük, pagta übtügi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, ABŞ, BAE, Türkiýe, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 189 müň dollaryndan gowrak boldy.

BAE-den, Kanadadan, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçiler manat serişdelerine umumy bahasy 6 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin awtoulag, ýokary dykyzlykdaky polietilen, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 195 müň manatdan gowrak boldy.