TÜRKMEN HIMIÝAÇYALARYNYŇ YKDYSADY TÄZELIKLERINE PATENTLER BERILDI
Türkmenistanyň Ykdysayýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň oýlap tapyşlarynyň birnäçesine patent berdi.
TYA-nyň Himiýa instituty alty ýylyň dowamynda hojalyk-şertnamasy esasynda «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleri, beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlykda köpugurly ylmy barlaglary alyp barýar.
Netijede wajyp ylmy teklipleri telekeçileşdirmekde tejribe toplandy. Olarda ýerli çig maly, innowasion çözgütleri ulanmak, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri döretmek arkaly ykdysady taýdan peýdaly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga üns berilýär.
Goşmaça alynýan önümden-- ýokary hilli ýangyç
Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) A-95 belgili benzin öndürmekde pirobenzini ulanmak usuly bütewi döwlet sanawyna girizildi. Bu usuly institutyň himiýa önümçiligi tehnologiýasy bölüminiň işgärleri zawodyň işgärleri bilen bilelikde işläp taýýarladylar. Şeýlelik bilen, Gyýanlydaky polimer zawodynda polietilen we polipropilen önümçiliginden alynýan goşmaça alynýan önüm ýokary hilli awtoulag ýangyjyna öwrülýär.
Önümçilik galyndylaryndan aýakgaplar üçin ýag alynýar
Türkmenabadyň himiýa zawodynda aýakgaplar üçin suw almaýan ýag öndürmek boýunça tejribe enjamy işe girizildi. Enjam gije-gündiziň dowamynda bir müň kilogram önüm öndürýär. Kärhananyň hünärmenleri we Himiýa institutynyň alymlary nebti gaýtadan işleýän zawodyň galyndylaryndan we Hazardaky zawodda işlenilip çykarylýan gurumdan täze önüm almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar.
«Ekstra» belgili türkmen duzy
Iň ýokary senagat ölçeglerine laýyk gelýän önüm -«Ekstra» nahar duzuny almagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Has ýokary derejede arassalanan duz distilirlenen suwda ýuwmak bilen ýörite tehnologik usul arkaly öndürilýär. Munuň özi duzly suwy gaýry garyndylardan arassalamaga we dolulygyna diýen ýaly esasy madda – natriý hloridini almaga mümkinçilik berýär. Duzly suwuň has çuňňur arassalanmagy netijesinde nahar duzundaky gaýry goşundylar başlangyç çig maldakydan 50-70 esse azalýar.
Ammiagy sorýan mineral
«Maryazot» zawodynda ammiak alnanda metanyň konwersiýasy üçin ulanylýan suw bugy indi seolitiň kömegi bilen arassalanylýar. Himiýa institutynyň alymlary suw bugunyň düzümindäki ammiagy sorýan mineral ulanmagy teklip etdiler. Munuň özi arassalanan bugy önümçilik prosessine gaýtadan bermäge, netijede energiýa çykdajysyny azaltmaga, şeýle hem onuň daşky gurşawa zyýanyny has peseltmäge mümkinçilik berer.