TÜRKMENISTANDA ÝHHG TARAPYNDAN GURALAN HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ ETIKASY WE ÖZLERINI ALYP BARMAKLARYNYŇ KODEKSI BOÝUNÇA LEKSIÝALAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-19-njy oktýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň etikasy we özlerini alyp barmaklarynyň kodeksi boýunça leksiýalary gurady. Leksiýalar toplumy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda, Döwlet Serhet gullugynyň Serhet institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Bäş sany ýokary okuw mekdeplerinden 250-den gowrak talyplar leksiýalary diňlediler.

Leksiýalar toplumy talyplara hukuk goraýjy edaralarynda halkara etiki standartlary boýunça bilimi kämilleşdirmek üçin mümkinçilikleri döretmek we BMG, Ýewropa geňeşi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ýaly halkara guramalaryň degişli edaralaryndaky iş tejribelerinden getirilen mysallar bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirildi.

Leksiýalar toplumy Latwiýada «Turiba» uniwersitetinde korrupsiýa garşy göreşmek we hünär etikasy boýunça leksiýalary berýän hem-de halkara guramalaryň korrupsiýa garşy göreşmek boýunça taslamalaryň geňeşçisi Ýaroslaw Strelçenok tarapyndan geçirildi.

ÝHHG Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy Natalýa Drozd öz çykyşynda şeýle çäreleriň geçirilmeginiň geljekki döwlet işgärlerini taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Leksiýalaryň dowamynda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine seredildi. Bilermeniň ýolbaşçylygynda leksiýalara gatnaşyjylar döwlet edaralarynda açyklygyň ähmiýeti we özüňi alyp barmagyň kodekslerini netijeli peýdalanmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.