NAKGAŞ, SAZANDA, TÄZELIKÇI BÄŞIM NURALA BAGYŞLANAN SERGI

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň zallarynyň birinde milli medeniýetimizde özboluşly yz galdyran üýtgeşik şahsyýet we köp ugurdan zehinli nakgaş, sazanda hem şahyr, Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nurala (1900-1965 ýý.) bagyşlanan sergi açyldy.

Ýigriminji asyryň ýaşytdaşy Bäşim Nuraly öz döwrüniň – täzelikeriň we ozaldan gelýän ýörelgelerden çykylýan döwrüň nusgasydy, ol özüniň ilkinji bolup täze sungata ýol açýandygyna ýürekden ynanýardy, her bir täze işe – isle žiwopis bolsun ýa-da saz gurallarynyň täze görnüşini oýlap tapmakmy we ýasamak, režissýorçylyk hem artistlik, edebiýatmy, mugallymçykyk - tapawudy ýok, başlan işine hyjuwly ýapyşardy.

Onuň döredijiliginiň ähmiýeti barada jedeller henizem ýatanok. Bu hem Bäşim Nuralynyň zehinlidiginiň iň gowy subutnamasydyr. Ol tutuş ömrüne täze ýoldan gitmegi halaýardy: nusgawy ýörelgelerden çykýardy, kärdeşleriniň we halypalarynyň, düşünişmezligiň tersine gidýärdi. Ýöne ol Sungatyň hatyrasyna kynçylyklardan we üstünliklerden dörän Ýoldy.

Bäşim Nuraly çeper döredijilikde hemişe täze ugurlaryň we tilsimleriň gözlegindedi, deňeşdirmelerden gaça durardy, synaglardan armaýardy, şowsuzlyklara mertlerçe döz gelerdi, adamyň ruhy boýunça özüne ýakyn hem-de gyzyklanýan zadynyň ählisini öwrenmäge ukyplydygyna ýürekden ynanyp, özündäki täze ukyplaryny açýardy.

Sergi Bäşim Nuralynyň döredijilik ýörelgesi we milli žiwopisde hem-de saz sungatynda, şeýle hem ýordumly haly dokalşyny ösdürmekde eýeleýän orny barada düşünjäni artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, nakgaşyň aýaly halyçydy, onsoň olar bilelikde tematiki halylaryň birnäçesini döredip, haly sungatynda bu ugry ýaýmaga itergi berdiler.

Serginiň iň uly bölümi Bäşim Nuralynyň döreden halk saz gurallary bilen tanyşdyrýar. Owazlary has-da gowulandyrmaga, ýerine ýetirijilik we žanrlar çägini giňeltmäge çalşyp, ol dutardyr gyjagyň 40-a golaý görnüşini döredipdi. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde saklanylýar.

Bäşim Nuralynyň ömri awtomobil heläkçiligi zerarly duýdansyz we pajygaly tamamlandy... Ömrüniň şeýle gutarjagyny duýan ýaly bu özüne maýyl ediji nakgaş, artist, mugallym hem şahyr ýaşamaga howlugýardy hem-de döredijilige hyjuwly ýapyşypdy, özünden soňkulara uly yz bilen eserleriniň mähirli hem-de päk ýürekli gahrymanlarynyň ...açyk ýylgyryşyny goýup gitdi.