BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Irlandiýa, BAE-i, Gonkong, Türkiýe, Ermenistan, Özbegistan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 596 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den, Gonkongdan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 56 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million130 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.