IZMIRIŇ OPERA WE BALET TEATRYNYŇ SOLISTLERI AŞGABATDA ÇYKYŞ EDERLER

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň jar edilmeginiň 96 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar. Çäräni ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Türkiýäniň Ilçihanasy guraýarlar.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde Aşgabat sahnasynda Izmiriň opera we balet teatrynyň artistleri, opera ussatlary Filiz Güneş (soprano) we Oguz Çimen (tenor), şeýle hem tanymal pianinoçy Tugçe Doruk çykyş ederler.

Saz agşamynda türk kompozitorlarynyň operalaryndan bölekler we türkmen nusgawy eserleri ýaňlanar. Konsert sagat 18-de başlanýar.

Indi bolsa türkiýeli myhmanlar bilen tanyşdyrýarys.

Mahmal soprano sesli Filiz Güneş Ilzmirde dogulýar. Izmir döwlet konserwatoriýasynda bilim alýar. Ilkinji gezek Izmiriň opera we balet teatrynyň sahnasynda Wolfgang Amadeý Mosartyň «Aýallaryň bary şeýle» operasynda Fýordilijiniň keşbini döretdi, ol bu teatrda ilki çagyrlýan artist hökmünde çykyş etdi, 2013-nji ýyldan bäri bolsa onuň esasy solisti. Ol Stambulyň hem-de Mersiniň opera we balet teatrlarynda goýulýan oýunlara hem gatnaşýar.

Filiziň kärdeşi tenor sesli Oguz Çimen hem Izmir döwlet konserwatoriýasynyň uçurymy. Professor Antonio Marsenonyň ýolbaşçylygynda Italiýada hünärini kämilleşdirdi. Wokal we artistlik ukybynyň çäginiň ululygy üçin ol öz teatrynda esasy opera partiýalaryny ýerine ýetirýär, şeýle hem konsertlere we aýdym-saz festiwallaryna gatnaşýar.

Pianinoçy Tugçe Doruk Ankaranyň Döwlet konserwatoriýasynda okady, soňra okuwyny Izmirde dowam etdi. Amerikaly tanymal pianinoçy Martin Berkofskiden ussatlyk sapagyny aldy. Barokko eýýamynyň sazlaryny ýerine ýetirýän «Izmir Barok» topary bilen Türkiýäniň, Ýewropanyň, ABŞ-nyň şäherlerinde çykyş etdi. Häzirki wagtda Tugçe Izmiriň opera we balet teatrynda işleýär, şeýle hem adamsy – skripkaçy Hakan Ozaýtekin bilen bilelikde çykyş edýär.