BILELIKDÄKI TÜRKMEN-AWSTRIÝA SIMFONIKI ORKESTRI ONÝYLLYGYNY BAÝRAM EDÝÄR

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň dostlugynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan bu orkestr diňe bir ikitaraplaýyn taslama däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň hem özboluşly saz nusgasydyr.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-Türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guran bu baýramçylyk çäresiniň öňüsyrasynda Aşgabatda IV Wena baly geçirildi.

«Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri sungat dünýäsindäki özboluşly nusgadyr. Ol ynsanperwer hyzmatdaşlygy we döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ynsanperwer many-mazmunyny giňeltmek işiniň daşyna Türkmenistanyň we Awstriýanyň sazandalaryny jemlän orkestrdir.

Baýramçylyk agşamy saz muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Paýtagtymyzyň teatrynda geçen bu çärä giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň, döredijilik intelligensiýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döredijilik agşamyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ynsanperwer many-mazmunynyň, aç-açanlyk we halkara hyzmatdaşlygynda deňhukuklylyk ýörelgeleriniň ähmiýetini bellediler. Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň nygtaýşy ýaly, bu tagallalar dünýä jemgyýetinde giňden ykrar edilip, uly goldaw tapdy, Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmäge oňyn täsir etdi.

Tutuş dünýäni özüniň saz sungaty bilen haýran galdyran bu täsin ajaýyp döredijilik topary — «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň maýynda döredildi.

Şol döwürden bäri Aşgabatda dört gezek Wena baly, Wenanyň Medeniýet günleri, iki ýurduň artistleriniň gezekleşikli çykyşlary, türkmen-awstriýa işewürler maslahatlary, halkara maslahatlar we festiwallar geçirildi. Bu wakalaryň ählisinde orkestr möhüm orun eýeledi.

Agşamyň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, baýramçylyk konserti boldy. Toparyň üýtgewsiz çeper ýolbaşçysy, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň baş sekretary Wolfgang Harrer orkestre dirižýorlyk etdi.

Awstriýanyň opera aýdymçylary Neiwi Martinez, Andreas Ýankowiç Mosartyň, Bramsyň, Bethoweniň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler, şeýle hem öz taýýarlan saz eserlerini tomaşaçylara hödürlediler.

Döredijilik agşamynyň ahyrynda orkestriň ýerine ýetirmeginde Iogann Ştrausyň — Awstriýanyň özboluşly saz kalby bolan «Ajaýyp gök Dünaýda» atly meşhur wals sazy ýaňlandy, ol sungatyň serhetleri aradan aýyrýan we halklary birleşdirýän üýtgeşik güýjüni täzeden açyp görkezdi.

Orkestr we konserte beýleki gatnaşyjylar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.