TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. DIM-niň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Şol geçen ýyllaryň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, netijelilik esasynda okgunly ösdürilýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen resminamalaryň 28-sini birleşdirýär.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň 5-si amala aşyryldy. Ýurtlaryň ikisi hem söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýleki geljegi uly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny görkezýär. Ýangyç-energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Malaýziýanyň iri «Petronas» kompaniýasy köpden bäri ýurdumyzyň işewür hyzmatdaşy hasaplanylýar.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri indiki aýda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini nygtap, Malaýziýa bilen gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň wajypdygyny nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etjek resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Munuň özi taraplaryň özara bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-italýan gatnaşyklary barada durup geçip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly kuwwata, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, işewürler düzümi boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtap, hödürlenen Buýruga gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini çekmekdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu transmilli energiýa geçirijisiniň türkmen böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH taslamasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Bu taslama möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmek nukdaýnazaryndan örän bähbitli bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy hökmünde energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmekde hem anyk goşant bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan başy başlanan bu gaz geçirijiniň gurluşygy milli energetika strategiýany durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky anyk ädimdir. Şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň has oňaýly sazlaşmagynyň esasynda energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmen topragynda «mawy ýangyjyň» bar bolan ägirt uly gorlary umumy ykrar edilip, şol sanda abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanyp, ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi kepillikli üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Tebigy gaza isleg bolsa hemişe ýokarydyr.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi goňşy Owganystany parahatçylykly ýol bilen dikeltmek işinde, onuň sebitleýin hyzmatdaşlyga goşulyşmagynda, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ýakynlaşmagynda örän uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Täze energiýa köprüsiniň gurulmagy, umuman, sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna, müňlerçe goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer, bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň hoşniýetli syýasy erkiniň birleşdirilmegi babatda deňsiz-taýsyz boljak TOPH taslamasynyň netijeli gatnaşyklary, dostlukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem giň sebitleýin özara hereketlere itergi berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny we umuman, bu taslamanyň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Öňümizdäki şanly senäni mynasyp garşylamak üçin ähli çäreleriň görülýändigi, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygy, seýilgäh zolaklarynyň hem-de köçeleriň baýramçylyk bezegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, indiki ýylyň dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp açyljak desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hilli hem-de toplumlaýyn esasda guralmalydygyny, şunda bezeg we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi berk talap bolup durýar. Bu babatda milli Liderimiz geljegi nazara almak bilen, Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki şanly senäniň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýete eýedigini aýdyp, ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli düzümleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmagy tabşyrdy. Şunda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek hem-de şäheriň bezeg işlerine aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ak mermerli paýtagtymyz türkmen toýuna mahsus bolan milli ruha laýyklykda, ýokary derejede abadanlaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerden, tejribeden hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IT meýdançasyny açmak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Institutyň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýdançany döretmegiň taslamasynyň taýýarlanandygy habar berildi, bu ýerde hünärmenlere hem-de talyplara diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak we tehnologiýa babatynda bilim derejesini artdyrmak däl-de, tejribe alyşmak hem-de programma üpjünçiligi ulgamynda okuw geçmek mümkinçiligi dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen mundan beýläk-de ösdürmek, elektron senagatyny döretmek maksady bilen ýurdumyzda 2019-njy ýyldan başlap 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu gün ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmegi hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi.

Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň tagallalary bilen sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň programmasy taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda uzak aralykdan okuw sapaklaryny geçmek yzygiderli guralýar hem-de widekonferensiýalar geçirilýär.

Milli Liderimiz sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ulgamda ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidigini, bu hyzmatlaryň milli hem-de halkara ülňülere, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, wise-premýere IT meýdançalaryny döretmek meselesiniň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny binagärlik taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa geçirmäge çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, gürrüň Aşgabat — siti adyny alan ägirt uly döwrebap mega-taslamany amala aşyrmak barada barýar. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş, edara hem-de beýleki maksatly iri desgalar toplumyny, zerur bolan ähli düzümleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda talyp ýaşlaryň şunuň ýaly jogapkärli işlere gatnaşýandygyny, munuň döredijilik başlangyçlary höweslendirmäge, täzeçil, özboluşly pikirleriň döremegine we amala aşyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň hem-de talyplarynyň aň-bilim kuwwatyny has işjeň herekete girizmek barada tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Garaşylyşy ýaly, Türkmenistandan bu çärä ykdysadyýetiň eksport ugurly pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar hem-de işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky, şol sanda telekeçilik ugry boýunça resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 21-nji oktýabrda Tokio şäherinde geçirilen işewürler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Oňa Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň 47-si gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanda elektron senagatynda bilelikdäki kärhanalary döretmek, biogalyndylary gaýtadan işlemekde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek üçin işgärleri taýýarlamak baradaky tekliplere garaldy.

Mundan başga-da, ýapon işewürleri tarapyndan bank, syýahatçylyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hem-de türkmen harytlaryny, şol sanda milli el halylarymyzy daşary ýurtlara ibermek babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Umuman, forum ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň kuwwaty, ýurdumyzyň söwda we maliýe ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyrmak, hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum babatda özara gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin netijeli çärä öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Tokioda geçirilen işewürler maslahatynyň, onuň netijeleriniň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz işewür duşuşykda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, başy başlanan hyzmatdaşlygy, şol sanda telekeçilik ulgamyndaky gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda telekeçilige möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiz Milanda geçiriljek işewürler maslahaty barada aýdyp, onuň esasy wezipesiniň Italiýanyň işewür toparlarynyň ünsüni biziň senagat toplumymyzyň gazananlaryna, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerine çekmekden ybaratdygyny belledi. Bu forum şeýle hem ýurdumyzyň harytlaryny Ýewropa bazarlarynda ilerletmäge we türkmen ykdysadyýetinde innowasion işleri ösdürmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 30-dan gowrak ýurtdan kompaniýalaryň 120-ä golaýy — kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon hem-de barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny öndürijiler, okuw programma üpjünçiligini, sport lybaslaryny we esbaplaryny işläp taýýarlaýjylar özleriniň foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Türkmenistana ýokary okuw mekdepleri, bilim we sport guramalary, bu ugra degişli hususy kärhanalar wekilçilik eder.

Ylmy maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary gatnaşar. Şeýle hem duşuşyklary we tanyşdyryş çärelerini guramak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer ylmy maslahatyň maksatnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Maslahatyň bölümleri sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilimiň eýeleýän ornuna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň innowasion binýadynyň kemala getirilişine, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryna, bedenterbiýe-sport meselesine bagyşlanar. Bölümçeleriň mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygyň sergileri we maslahatlary geçirmek ýaly görnüşiniň Türkmenistanyň dünýäniň ýeke-täk bilim giňişligine girmegine, ýurdumyzyň sport edaralarynyň daşary döwletleriň ugurdaş guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegine ýardam berýän anyk gurallaryň biridigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim we sport ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan öňde boljak forumy guramak boýunça anyk görkezmeleri berip, onuň öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de bilim bermegiň täze usullaryny we tehnologiýalaryny, bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmek, iri sport ýaryşlaryny guramak hem-de türgenleri we tälimçileri taýýarlamak babatda işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak işine gönükdirilmelidiginiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Şeýle hem 5 — 7-nji noýabr aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri barada habar berildi. Bu çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti geler.

Göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Terýan medeni merkeziň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçiriler, ermeni kinofilmleri görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüp, halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi. Soňky ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek, ýurtlaryň ikisinde geçirilýän festiwallara, halkara maslahatlara we bäsleşiklere gatnaşmak tejribesi ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki çäräniň ähmiýetini belläp, nobatdaky döredijilik çäresiniň döwletara hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanda daşary ýurtlaryň Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz baýramçylyklara we şanly wakalara gabatlanylyp, ulanylmaga beriljek durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny we beýleki çäreleri geçirmek meselesi barada durup geçip, Hökümetiň Başlygynyň orunbasaryna meýilleşdirilen dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen suwy oýlanyşykly peýdalanmak, hususy önüm öndürijileri oba hojalyk işlerine giňden çekmek hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ekerançylar geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini doly tamamlap, degişli agrotehniki çäreleri geçirýärler.

Şonuň bilen birlikde, «ak altynyň» hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Häzirki wagtda möwsümiň depginini güýçlendirmek, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, çig maly kabul ediş bölümleriniň, kombaýnlaryň hem-de pagtany daşamak üçin ulanylýan awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, yzygiderli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde görülýän çäreler ýurdumyzyň bu pudagyny ýokary düşewüntli ulgama öwürmelidir.

Şu maksat bilen hojalygy dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny peýdalanmak, obasenagat toplumynda hususy önüm öndürijileriň paýyny yzygiderli artdyrmak, kärendeçilere goldaw bermek zerur bolup durýar. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimizi berkitmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş suwuny tygşytlamak wezipelerine hemmetaraplaýyn we ylmy taýdan esasly çemeleşmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunda dünýä tejribesini we döwrebap usullary peýdalanmak möhüm talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meselesine ünsi çekip, gowaçanyň ýetişdirilen hasylyny bellenilen möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň gaýragoýulmasyz wezipelerini nazara almak bilen, parlamentiň kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga seljerme işleri geçirilip, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň we Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek talap edilýän birnäçe kanunlaryň, hususan-da, «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Bilim hakynda», «Syýasy partiýalar hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda», «Kazyýet hakynda», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda», «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Halk Maslahatynda hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek we ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Mejlisinde gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş topary tarapyndan degişli işler ýola goýuldy.

Deputatlar Demokratik partiýa, iri jemgyýetçilik guramalary, ministrlikler we pudak edaralary, halkara düzümler tarapyndan guralýan çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiziň döredijilikli döwlet strategiýasynyň esasy maksatlaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ulgamlaryny kadalaşdyrýan täze kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, raýatyň hem-de adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Bu ulgamda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz şundan ugur almak bilen, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de hereket edýän kanunlara gaýtadan seretmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň täze pudaklary döretmek bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýändigini, senagat we medeni-durmuş ähmiýetli ençeme özboluşly desgalary gurýandygyny belledi. Hut şoňa görä-de, soňky on ýylda ykdysadyýetiň esasy görkezijisi bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ýagdaýda — 6 göterimden hem geçip, örän ýokary bolmagynda galýar.

Milli Liderimiz içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde Ministrler Kabinetiniň amala aşyrýan oňyn işiniň bu netijeleriň kesgitleýji şert bolup durýandygyny nygtap, noýabr aýynda döwlet we halkara derejesinde geçiriljek çäreleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan, zehinli ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny höweslendirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu meseläniň ýurdumyzyň kuwwatyny, aýratyn-da, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky maksatnamanyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz milli we halkara ölçeglere, häzirki zamanyň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.