BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumy we “Türkmensenagat eksport-import” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamid Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem BAE-niň işewürleri uly göwrümli plastik gaplary satyn aldylar.

Bulardan başga-da, ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Gonkongdan, Irlandiýadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi we maşyngurluşyk önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gazagystandan, Gonkongdan, Pakistandan we Ermenistandan gelen telekeçiler bahasy 25 million manada golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 417 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.