TÜRKMEN SAHNASYNDA TÜRK OPERA AÝDYMÇYLARY ÇYKYŞ ETDILER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň jar edilmeginiň 96 ýyllygyna bagyşlanan konsert köp adamly boldy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde tanymal opera aýdymçylary Filiz Güneş (soprano) we Oguz Çimen (tenor) çykyş etdiler. Çäräni Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.

Aýdym-saz agşamy Daňatar Öwezowyň «Aýna» operasyna uwertýura bilen açyldy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary bu eseriň jadylaýjy şahyranalygyny we baý duýgylaryny ussatlyk bilen beýan etmegiň hötdesinden geldiler. Mahmal soprano owazly Filiz Güneş Joakkino Rossininiň «Toska» operasyndan ariýany ýerine ýetirende tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasy wagty bilen kesilmedi.

Tenor owazly Oguz Çimen çykyşyny tanymal türk kompozitory P. Sorozabalyň eserinden başlap, tembrlere baý sesi bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi.

Konsertde ýewropa, türkmen, türk kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Aýdym-saz agşamynda Aman Agajykowyň «Pöwrüze», Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Mazurka», Aram Haçaturýanyň «Wals» eserleri, Juzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan ariýa we beýleki eserler ýerine ýetirildi.

Konsertiň ahyrynda türkiýeli myhmanlar Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» we «Türkmen sährasy» aýdymlaryny aýtdylar. Wokalyň we göwrümli sazyň sazlaşygyna melul bolan tomaşaçylar sazandalary hem aýdymçylary «Berekella!», «Aperin!» diýip mübäreklediler. Indi bolsa myhmanlarymyza söz berýäris.

Oguz Çimen:

-Men Germaniýada sazandalar maşgalasynda dünýä indim. 1995-nji ýylda ilkinji gezek sahna çykdym, soňra wokal hünärinden Izmir döwlet konserwatoriýasyny tamamladym. Maňa Jakomo Puççininiň «Hamym Batterflýaý», Juzeppe Werdiniň «Rigoletto» we «Trawiata», Žorž Bizeniň «Karmen» operalarynda we başga-da ençeme operalarda esasy partiýalary ýerine ýetirmek miýesser etdi. Bu gastrol meniň üçin kompozitorlyk sungatynyň ýene bir genisi –Nury Halmämmedowy açdy. Men onuň eserlerini öz repertuaryma goşmak isleýärin.

Meniň asly kärim aýdymçy bolsa-da, bar küýüm-küjäm diňe aýdym däl. Meselem, men dost-ýarlarymy öz taýýarlaýan, aýratynam gök önümlerdir dürli otlar bilen deňiz önümlerinden bişirýän tagamlarym bilen hezzetlemegi halaýaryn. Meniň aşpezlik ussatlygymyňam şowlydygyna buýsanýaryn.

Bu meniň Aşgabada ilkinji gelşim, meni paýtagtyňyzyň owadanlygy, türkmenistanlylaryň myhmansöýerligi hem açyklygy haýran etdi. Ýene-de bu ýere gelmäge mümkinçilik dörese, höwes bilen gelerin.

Filiz Güneş:

-Kärdeşim Oguz Çimenden tapawutlylykda men döredijik adamlarynyň maşgalasyndan däl. Atam-enem aýdym aýtmagy halaýandygymy bilip, meni sazçylyk mekdebine berdiler. Ilki fortepiano çalmagy öwrendim. Ýöne aýdym meni öz erkime goýmansoň konserwatoriýanyň wokal bölümine okuwa girdim. Oguz ikimiz bir teatrda – Izmirdäki opera we balet teatrynda işleýäris.

Men nusgawy aýdymlary, aýratynam Jakomo Puççininiň hem Juzeppe Werdiniň, Tolga Tawiş we Süleýman Muhtaşam ýaly türk kompozitorlarynyň eserlerini halaýaryn. Ýeri gelende, maňa olaryň «Häkimiň ogly» we «Hürrem soltan» operalarynda esasy partiýlary ýerine ýetirmegiň miýeser edendigini aýtmakçy.

Döwlet simfoniki orkestri we onuň ýolbaşçysy Resul Gylyjow mende uly täsir galdyrdylar. Olar ýokary derejeli ussatlardan. Biz Nury Halmämmedowyň we beýleki türkmen kompozitorlary Daňatar Öwezowyň hem-de Aman Agajykowyň ajaýyp sazlary bilen tanyşdyk, tomaşaçylaryňyz bizi gyzgyn garşyladylar, olaryň öňünde çykyş etmegiň özi durşuna lezzet ahyry. Siziň özboluşly binalary bilen haýran edýän ajaýyp paýtagtyňyzy we halkyňyzyň myhmansöýerligini öz gözüm bilen gördüm.