DÖWLETLILER KÖŞGÜNIŇ ÇAGALARY ÜÇIN WELOSIPEDLER — HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ SOWGADY

Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar, çünki çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy aýratynlyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary we çelgileri kemala getirilýär.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne bardylar.

Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.

Ir säher bilen Döwletliler köşgünde hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Çagalar myhmanlary şatlyk duýgusy bilen garşyladylar. Üstünlikli bilim almak hem-de döwrebap bilimlere eýe bolmak, şeýle hem göwnejaý dynç almak, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmek, şol sanda döredijilik we sport bilen meşgullanmak üçin olara zerur bolan mümkinçilikler döredildi.

Ajaýyp şäherjigiň ýaş eýeleri Arkadag Prezidentimize bagyşlanan aýdym-sazly, tansly çykyşy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu sahna döwlet Baştutanymyza çagalar barada edýän atalyk aladasy üçin çäksiz hoşallygyň beýany boldy.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, durmuş ugurly syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ruhubelentligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Bu gün türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň ygtyýarynda ajaýyp dynç alyş merkezleri, öňdebaryjy enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän we mekdebe çenli edaralar, şeýle hem estetiki we çeperçilik merkezleri, sungat mekdepleri we elbetde, döwrebap sport desgalary bar.

Çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketine işjeň gatnaşmagy döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladasynyň netijesidir. Çagalara gowşurylýan welosipedler, gürrüňsiz, olar üçin sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bilen yzygiderli meşgullanmaga höwes döreder.

Hormatly Prezidentimiziň adyna şeýle ajaýyp sowgat üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. Bu, gürrüňsiz, çagalaryň sporta bolan höwesini artdyryp, diňe sportda däl-de, eýsem, okuwda hem täze üstünliklere ruhlandyrar.

Ýurdumyzyň ähli çagalarynyň atalyk aladasy bilen gurşalandygy üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildiren çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Döwletliler köşgüniň ýaş eýelerine dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy, bu bolsa çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Ýadygärlik üçin bilelikde surata düşenlerinden soň, çagalar welosipedlere münüp, şäherjigiň çäginde höwes bilen aýlandylar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şanly waka mynasybetli guralan baýramçylyk köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen dowam etdi. Şol ýörişde ýaş welosipedçilere köp sanly türgenler we talyplar, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary goşuldylar.

Döwletliler köşgünden badalga alan bu özboluşly welosipedli ýörişiň ugry paýtagtymyzyň iri şaýollaryndan — Arçabil şaýoly hem-de Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşen Döwlet münberine çenli geçdi. Sport çäresine köp sanly gatnaşyjylaryň barýan ugrunda olary döredijilik toparlary ajaýyp çykyşlary bilen mübäreklediler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýerýän we ony wagyz edýän hem-de tejribeli türgen bolan, döwlet Baştutanymyz şu babatda watandaşlarymyza we ilkinji nobatda, ýaşlara ajaýyp şahsy görelde görkezýär.

Sport ulgamynda milli Liderimiziň maksatlary hem-de başyna baran işleri türkmenistanlylaryň doly goldawyna eýe boldy hem-de häzir şeýle çäreler ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, terbiýeçilik we aň-düşünje beriş maksadyny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hemişe wagt tapýar, bu yzygiderli endik bolsa döwlet Baştutanymyzda çagalykdan, heniz mekdep ýyllaryndan kemala gelipdir.

Milli Liderimiz baryp ýetginjek ýyllarynda dürli ýaryşlara gatnaşyp hem-de ýokary netijeleri we ýeňişleri gazanyp, ajaýyp sport terbiýesini aldy. Häzir hem döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ussatlygyny birsyhly kämilleşdirmek bilen, «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport — bu güýjüň, gözelligiň we sazlaşygyň beýanydyr. Sportuň ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi gürrüňsizdir.

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygyň girewi bolman, eýsem, özüňde tertip-düzgüni we erkiň güýjüni, maksada okgunlylygy we zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik güýjüni oýarýar. Sport durmuşyň hilini ep-esli gowulandyrmaga, adama özünde ynamy artdyrmaga, köp arzuwlaryny hakykatda amala aşyrmaga, saýlap alan hünärinde üstünlikleri gazanmaga kömek bermäge ukyplydyr.

Taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden başlanýan welosiped sporty barada aýdylanda bolsa, häzir ol ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu bolsa doly esaslydyr. Welosiped sürmek adamyň saglygyna hem-de şähdaçyklygyna oňyn täsir edýär, ol ýüregiň işleýşiniň hem-de dem alyş ulgamynyň gowulanmagyna örän peýdalydyr.

Çagalar we ýaşlar üçin welosiped sürmegiň peýdasy örän uludyr — arassa howada aýlanmagyň hem-de hereket etmegiň netijesinde aýaklar we eller, umuman, beden berkeýär, göwräniň durşunyň görnüşi, gan aýlanyşygy gowulanýar, ösýän bedeniň immuniteti ýokarlanýar. Elbetde, ýollary külterlemek, tizlik hem-de aýdyň täsirler ýaş welosipedçilerde uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Häzirki wagtda çagalaryň mekdeplerde bilim alyp, wagtynyň agramly bölegini oturyp geçirýän wagtynda welosiped sporty az hereketli durmuş ýörelgesi bilen bagly bolan meseleleriň iň gowy çözgüdi bolup durýar. Tigir sürmek bilen her bir çaga uly aralyklary geçip, erkini we çydamlylygyny taplap biler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosipedli gezelençler bedende maddalaryň alyşmagyny gowulandyrmaga hem ýardam edýär. Bularyň hemmesi dogry dem almagyň hem-de işjeň hereket etmegiň netijesinde mümkin bolup, ol adamyň ganyna öz wagtynda zerur bolan peýdaly maddalary kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem welosiped sürülmegi deňagramlylyga gözegçilik edilmegini talap edýär, bu bolsa bedeniň taplanmagyna oňat täsirini ýetirýär. Şeýle hem welosiped sürülmegi çagalarda we ýaşlarda gözüň görejiniň ýitileşmegine ýardam edýär.

Türgenleşikler arkaly berkeýän beden dürli kesellere garşy göreşmäge ukyplydyr. Statistika laýyklykda, welosiped sporty bilen meşgullanýan ýa-da yzygiderli welosipedde aýlanýan çagalar örän seýrek sowuklaýarlar.

Şonuň üçin ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň ilatyň ähli ýaş aýratynlyklarynyň arasynda yzygiderli artmagy geň däldir. Türkmenistanlylar ulagyň amatly hem-de ekologiýa görnüşi, golaý-goltuma gitmegiň we eziz Diýarymyz boýunça syýahat etmegiň ajaýyp serişdesi hökmünde onuň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berdiler.

Şeýlelikde, ýol ugrunda welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ak mermerli paýtagtymyzyň, onuň şaýollarynyň ugrundaky güýzüň altyn öwüşgünine eýe bolan seýilgähleriň we seýilbaglaryň gözelliklerini synladylar.

Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygy üpjün etmek maksadynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen senagat düzüminiň, ulag ýollarynyň, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň okgunly ösmegi bilen baglylykda, gök zolaklaryň we giňişlikleriň döredilmegini göz öňünde tutýan toplumlaýyn uzak möhletleýin maksatnamanyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

Häzir Aşgabady bagy-bossanlyga bürenen, gök zolaklaryň meýdany we köpdürlüligi bilen täsin galdyrýan şäher diýip atlandyrýarlar. Belent başly sosna, serwi agaçlary, derekler, çynarlar, kerkawlar, agaçlaryň beýleki görnüşleri we owadan gyrymsy ösümlikler, şeýle hem dürli reňkli gül aýmançalary paýtagtymyzyň we onuň etekleriniň gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Köpetdagyň eteginde arça, pürli we saýaly agaçlar ekilen meýdanlar giňeldi. Bu bolsa, öz nobatynda, bu ýerde soňky ýyllarda guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň artmagyna getirdi. El bilen döredilen tokaýlar, baglar, seýilgähler Watanymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde giňelip, ýerli tebigata bezeg çaýdy we amatly ekologiýa gurşawyny döretdi.

Tebigaty goramak, oňa aýawly garamak, onuň baýlyklaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz bu ugurda birnäçe anyk halkara başlangyçlary bilen çykyş etdi. Biziň ýurdumyzda ekologiýa adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri — BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibine» ähmiýetli ugur hökmünde aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we düzümleýin taslamalar ekologiýa nukdaýnazaryndan «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli bag ekmek işleri howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumy dünýä işine uly goşant bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagy sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek hem-de milli we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň esasy hökmünde ekologik dünýägaraýşyň berkarar bolmagy babatda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň ýokary bahasynyň subutnamasy boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň senenamasynda peýda bolan bu baýramçylyk parahatçylygyň ilçisi hökmünde sportuň abraýyny artdyrmak, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu senäniň şanyna döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzda «Welosiped» binasy gurulýar, ol Çandybil we Bekrewe ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşer.

2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi türkmen türgenleri, şol sanda welosiped sportuna eýeriji ýaşlar üçin ajaýyp höweslendiriş işi bolup durýar. 2026-njy ýylda ýurdumyzda şosse welosporty boýunça dünýä birinjiligini geçirmegiň mümkinçiliklerine hem garalýar.

Mälim bolşy ýaly, welosiped sporty (trek) 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň barha artýan halkara abraýyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, dabara Döwletliler köşgünde dowam etdi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar joşgunly aýdymdyr tansly sahnalary bilen çykyş etdiler, sport ussatlyklaryny görkezdiler.

Soňra emele gelen däbe görä, bu ýerde toý sadakasy berildi. Elbetde, baýramçylygy tortsyz göz öňüne getirmek kyn, ol çagalarda şatlyk duýgusyny artdyrdy. Olar bagtly ýaşamak üçin döredilen şertler, şeýle hem ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly okap, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanyp, ýokary netijeleri gazanmaga çalyşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýlelikde, şu günki günüň wakalary oňa gatnaşan ýaşlara şatlykly duýgulary bagyş etmek bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň mizemezdigine ýene-de bir gezek şaýatlyk etdi. Şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolsa hemmetaraplaýyn ösen, ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmekden ybaratdyr. Olar geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşmaly ýaşlardyr.