PAÝTAGTYMYZYŇ ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA TÄZE JAÝ TOÝLARY TUTULDY

Şu gün paýtagtymyzda nobatdaky köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Maşgalalaryň ýüzden gowragy Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda bina edilen täze jaýdan oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar.

Irden täze jaýyň ýanynda uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: aýdym-saz ýaňlanýar, tanslar ýerine ýetirilýär, pälwanlar göreş tutýar. Zenanlar milli el işi sungatynda ussatlygyny görkezýärler.

Bu ýere ýygnananlaryň arasynda paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary bar.

Dabara gatnaşanlaryň agzybirlikli el çarpyşmalary astynda bagtyýar öý eýelerine meýdany giň, goşmaça kömekçi otaglary bolan oňaýly öýleriň 108-siniň açarlary gowşuryldy. Aşhana, naharhana, daşky gapydan girelgäniň öňüniň giňligi amatlylygyň hem-de oňaýlylygyň ýokary talaplaryna doly kybap gelýär. Häzirki zaman görnüşinde gurnalan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Bagtyýar öý eýeleri öz şatlyklaryny paýlaşyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna berýän ýadawsyz üns-aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Asyrlardan bäri ýola goýlan däbe görä, dabaranyň myhmanlaryna tagamly toý pişmelerini hem-de beýleki süýjülikleri hödür etdiler, öýe girmäge çagyrdylar.

Şu ýerde bu ýere ýygnananlar türkmen gelin toýuna gatnaşdylar. Häzir, ençe asyrlar ozal bolşy ýaly, owadan özboluşly däpler ruhy-medeni köklerine hem-de gadymy maşgala gymmatlyklaryna wepaly bolan halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu waka täze jaýyň açylmagy mynasybetli dabara öz öwüşginini çaýyp, bu gün bu ýerde täze jaý toýunyň tutulmagy bilen birlikde, täze maşgalanyň döremegini baýram etdiler.

Jaýyň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylypdyr, şol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar bar. Jaýlaryň töwereginde güller, gök otlar ekilipdir, köçeler yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Oňaýlylyk, oýlanyşyklylyk, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk hem-de öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, senagat, sport we durmuş binalarynyň, ulag düzümleriniň desgalarynyň baş alamatlarydyr.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçillik maksatnamasynda aşgabatlylaryň oňaýly durmuşy üçin hemme şertler göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyna aýratyn orun berilýär. Her aýda diýen ýaly peýda bolýan täze ýaşaýyş toplumlary çalt ösýän Parahat — 7 munuň mysallarynyň biridir.

Ýurdumyzyň baş şäherindäki gurluşyklar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns berýän meselesidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzy mundan beýläk ösdürmegiň esasy ýörelgesi türkmenistanlylaryň işlemek, okamak, dynç almak, sport, döredijilik bilen meşgullanmak, söwda, dynç-alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy babatda hemme mümkinçilige eýe bolmagy üçin şäheriň durmuş gurşawy özüni ýeterlik derejede üpjün edýän ýagdaýda bolmalydyr. Desgalary diňe bir gurmak däl, eýsem, şolaryň kömegi bilen täze giňişligi döretmek, onuň adamlar üçin oňaýly bolmagy möhümdir.

Aşgabadyň binagärlik gözelligi, belent gatly jaýlary bolan ýaşaýyş toplumlary, giň şaýollar we owadan bezelen meýdançalar halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, öz bagtly geljegine ymtylyşynyň nyşany bolup hyzmat edýär. Gül-güläleklere beslenen köp sanly bagy-bossanlyga bürenen goýry saýaly seýilgählerde bolsa şäheriň we onuň ýaşaýjylarynyň baý ruhy, myhmansöýerligi we göwnaçyklygy ýüze çykýar.