«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň üçünji çärýeginde ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli tertipde beýan edilýär.

Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň Singapur Respublikasyna bolan döwlet sapary hem-de oňa gabatlanyp geçirilen çäreler baradaky maglumatlar bar. Şol çäreler Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň şu ýylyň 10 — 12-nji awgustynda Türkmenistana bolan iş sapary ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypalary ýazdy. Bular barada hem her çärýekde çykýan neşirde habar berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda birinji Hazar ykdysady forumy we oňa gabatlanylyp geçirilen çäreler, şol sanda halkara innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» awtoulag gözden geçirilişi barada makala ýerleşdirildi.

Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň baştutanlary bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary hem şöhlelendirildi.

Forumyň wakalaryna Hazar deňziniň hem-de bu sebitiň sebitara we ählumumy geosyýasy hem-de geoykdysady işlerde strategik ähmiýeti, onuň möhüm ulag-üstaşyr we logistik merkez hökmündäki orny bilen baglylykda garalýar. Şunuň bilen baglylykda, birinji Hazar ykdysady forumynyň halkara bileleşikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döredendigi bellenilýär. Abraýly neşirleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň gün tertibiniň möhüm sebit we ählumumy meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary baradaky makala okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukuga hem-de BMG-niň tertipnamasyna häzirki zaman dünýä tertibiniň esasy we döwletleriň arasynda ynanyşmagyň ýokary derejesini gazanmagyň şerti hökmünde garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu başlangyç ilkinji gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda beýan edildi. Degişli Kararnama BMG-ä agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda şu ýylyň 12-nji sentýabrynda milletler bileleşigi tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň meselesi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň makalasynda öz beýanyny tapdy.

Makalanyň awtory özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyny ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipesiniň ileri tutulýan maksatlary hökmünde belläp, Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy barada aýdylýar. Hazar bäşligi ýurtlary hem-de GDA agza döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan bu wakanyň gyzyklanma bildirýän taraplar üçin sebitde goşulyşmagyň hem-de ulag, söwda, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň täze mümkinçiliklerini açýandygy nygtalýar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nazara almak bilen, Sergeý Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna taýýarlyk görmäge we geçirmäge uly şahsy goşandyny belleýär. Bu duşuşyga GDA ýurtlaryndan 200-den gowrak wekil gatnaşdy. Aşgabatda geçirilen forumyň hünärmenleriň medeni-ynsanperwer ulgamda hünär babatda pikir alyşmagyna ýardam berendigi hem-de özygtyýarly döwletleriň özboluşly medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklara bahasyna ýetip bolmajak goşant goşandygy bellenilýär.

Makalanyň awtory Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan çärelere baha bermek bilen, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan resminamalara aýratyn üns berýär. Gürrüň Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hem-de GDA döwletleriniň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama barada barýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmek wezipesine döredijilikli we uly gyzyklanma bilen çemeleşmegi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gysga möhletli hem-de uzak möhletli maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalara oňyn täsirini ýetirdi we täsir ýetirmegini dowam edýär diýip, S.Lebedew nygtady.

Žurnalda bulardan başga-da birnäçe makalalar ýerleşdirildi. Şolarda biziň döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtalýar.

Žurnalyň şu sanynyň aýry-aýry makalalary türkmen-owgan ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge, dünýä hojalyk işleriniň çuňlaşmagy şertlerinde halkara abraýyny kemala getirmegiň ýagdaýlaryna, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda suw diplomatiýasynyň we ylmyň möhüm ornuna, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk meselelerine bagyşlanýar.

Däp bolan “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly umumy sözbaşynyň astynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlara, brifinglere, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlaryň mejlislerine, ikitaraplaýyn duşuşyklara hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we iri halkara guramalaryň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklere bagyşlanan habarlar ýerleşdirildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän, her çärýekde çykýan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ösüşini şöhlelendirýän dürli suratlar bilen bezeldi.