TÜRKMEN PARLAMENT WEKILIÝETI PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MAKSADY BILEN BAKU ŞÄHERINDE IŞ SAPARYNDA BOLARLAR
Azerbaýjan tarapynyň teklibi esasynda türkmen parlament wekiliýeti noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Baku şäherine iş saparynda bolarlar.
Saparyň çäklerinde kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler we duşuşyklar meýilleşdirildi. Şol sanda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.