HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Aşgabadyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni we önümçilik maksatly iri gurluşyklaryň birnäçesi alnyp barylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda giň möçberli işleriň bitirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynyň barýan ýerine geldi.

Milli Liderimiz ilki bilen bu ýerde bina edilýän desgalaryň daşky bezeg işleri, olary taýýarlamagyň aýratynlyklary we binalaryň bezeginde ulanylýan serişdeler hem-de reňk özboluşlylygy bilen gyzyklandy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilýän desgalar, olaryň gurluş we daşky bezeg aýratynlyklary barada gürüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda birnäçe durmuş maksatly binalar gurulýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar.

Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Munuň özi türkmen telekeçileriniň häzirki zaman gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklarynyň, has batyrgaý taslamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler bilen tanşyp, gurulýan binalaryň daşky bezeg işlerine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu şekilleriň taýýarlanylyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň dowamynda bu künjegiň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde kemala gelýän ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalarynyň ýerleşjek ýerleri, şolarda guruljak duralgalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz bu ýerde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargydy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň depginleri hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaý toplumlarynda zerur bolan durmuş düzümleriniň we ähli amatlyklarynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, gurluşygyň hil derejesine we desgalaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şunlukda, ýaşaýyş jaýlarynyň bolşy ýaly, beýleki desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk derejede abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň belli «Buig-Batiman Internasional» kompaniýasynyň wekili milli Liderimize kompaniýanyň gurluşykçylaryna ynanylan binalarda alnyp barylýan işler, desgalaryň bezeg aýratynlyklary we olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda bina edilýän edara ediş desgalarynyň gurluşygynda ýokary hil derejesi bilen birlikde, künjegiň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini, onda gök zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurulýan desgalaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Olarda häzirki zaman sanly ulgam we täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylmalydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň we beýleki birnäçe binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda türkmen alabaýynyň heýkeli hem bar.

Hormatly Prezidentimiz taslamalary, aýratyn-da, alabaýyň heýkeliniň görnüşlerini synlap, onda türkmen itlerine mahsus bolan ähli häsiýetleriň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherde oturdylýan heýkelleriň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilen dürli taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygy bilen olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli künjekleriniň bagy-bossanlyga bürenmegi aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şunlukda, binalaryň gurluşygynda şäher gurşawynyň ekologiýa derejesine möhüm üns berilmelidir.

Şeýle hem paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýol-ulag düzüminiň, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi wajypdyr. Şeýlelikde, binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, seýilgähler, gök zolaklar döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şäheriň bu künjeginde gurulýan desgalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň, dag görnüşiniň we ugurdaş binalar bilen sazlaşygy göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň çäginde gurluşyk işleri meýilleşdirilende seýilgähleriň we gök zolaklaryň döredilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Durmuş ulgamyna degişli desgalara aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde adam hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň, amatly ýaşaýyş hem-de dynç alyş, döredijilikli zähmet üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Täze taryhy eýýamda Aşgabady dünýäniň durmuş taýdan ösen şäherleriniň birine öwürmek babatdaky belent maksatlar üstünlikli amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine we onuň çäklerinde täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisi esasy maksada — ak mermerli Aşgabadyň gülläp ösmegine, onuň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Aşgabadyň toplumlaýyn ösdürilmegi, şäher düzüminiň maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri bilen yzygiderli tanşyp durýar we şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini esasy talap hökmünde görkezýär.

Paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap we onuň jemlerini jemläp, döwlet Baştutanymyz Aşgabady dünýäniň sazlaşykly ösýän, iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.