img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«ÇEPER» TIKINÇILIK FABRIGI ÝYLLYK TABŞYRYGY ÝERINE ÝETIRDI

photo

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabrigi ýyllyk tabşyrygy wagtyndan iki aý öň ýerine ýetiri. Häzirki wagta çenli bu ýerde 8 million 381 müň manatlyk önüm öndürildi, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden ýokarydyr.

Ýörüteleşdirlen döwrebap enjmlar bilen üpjün edilen kärhanada ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli matalardan çagalar we ulular üçin egin-eşikler, iş eşikleri, şeýle hem hojalykda ulanylýan dokma önümleri öndürilýär.

Fabrigiň marketologlary we dizaýnerleri alyjylar bazarynyň islegine laýyk modelleriň görnüşini artdyrmagyň üstünde işleýärler.