«MEDIA-TÜRKMEN» HABARLAR AGENTLIGI RF DIM-NIŇ ŽURNALY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÝOLA GOÝAR

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.
Habarlar ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.
RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalyň Geňeşiniň başlygy, Armen Oganesýan baş redaktorydyr.