TÜRKMENISTANDA BILIM WE SPORT BOÝUNÇA HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşda geçirilýän, bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge, täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga, şol sanda mekdep ýaşyna çenli, orta we ýokary bilim edaralaryna ornaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatyň netijeliligini görkezmelidir.

Onuň işine Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Singapurdan, Latwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan kompýuter, multimedia tehnikalaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar.

Forum şeýle hem ministrlikleriň esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýatlarda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejede geçirilýän forumlar, maslahatlar, sergiler, festiwallar, olimpiadalardyr çempionatlar örän netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, bilimde we sportda täze üstünlikleriň gazanylmagyna uly täsir edýär.

Foruma alymlaryň we professorlaryň, iri halkara sport guramalarynyň wekilleriniň, iň häzirki zaman kompýuterlerini, barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, sport lybaslaryny we esbaplaryny öndürýän, programma üpjünçiligini taýýarlaýan meşhur kompaniýalaryň gatnaşmagy bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň köp sanly zallarynda ýaýbaňlandyrylan serginiň esasy maksady döwrebap bilim bermek we ýaşlary milli däplere hormat-sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek işini kämilleşdirmekden ybaratdyr, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň — onuň bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalary we täze tejribäni ulanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga hem-de ýaş nesliň üstünlikli ösmeginiň möhüm şerti hökmünde sport taýdan terbiýelemäge açyklygynyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Olar döwrebap usulyýet we okuw esbaplaryny görkezýärler. Ýokary okuw mekdepleri şeýle hem okuwa girjekler üçin özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar, talyplar özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezýärler, mugallymlar bolsa hünärleriň giň görnüşleri, okatmagyň häzirki zaman usullary hem-de uçurymlaryň geljekki işleri barada maslahatlary berýärler.

Şu ýyl iň täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Bu ýerde ýerleşdirilen pawilýonlar myhmanlary ylmyň geljegi bilen tanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden satyn alnan döwrebap enjamlar bilim almak işini ýeňilleşdirmäge we çaltlaşdyrmaga, onuň interaktiw we okgunly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlaryň hatarynda «Microsoft», «Lenovo», «Huawei», «Sony», «ACER», «DELL», «Samsung», «Apple» ýaly meşhur kompaniýalaryň önümleri bar.

Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary, beýleki ylmy edaralar hem özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezýärler. Bilim ministrliginiň sergisinde ýurdumyzyň usulyýet işläp taýýarlamalary, körpe okuwçylar üçin degişli tehnologiýalar hem-de bezegli okuw edebiýaty görkezilýär. Çagalaryň beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin niýetlenen okuw mebelleri we oýun otaglary bar. Olar çaganyň anatomik aýratynlyklaryny nazara almak arkaly döredildi.

Sergide sport mowzugy hem bilim ulgamy bilen sazlaşykly beýan edilipdir. Adam maýasynyň esasy hökmünde saglygy goramak sagdyn-durmuş ýörelgesini berjaý etmäge esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň nusgasyny kämilleşdirmäge hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga we bu ulgama innowasion tehnologiýalary çekmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýändigini bellemek gerek.

2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyna we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görmek bilen baglylykda, sergä gelýänlere köp sanly düzümleýin taslamalar iri halkara ýaryşlarda ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri görkezilýär. Milli sport federasiýalary ýurdumyz üçin täze bolan petank we kýorling ýaly sportuň görnüşlerini hem görkezýärler.

Sport modasynyň mowzugy 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin sport lybaslarynyň görkezilişinde öz beýanyny tapdy. Bu çäre Dokma senagaty ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Milli nagyşlar hem-de nyşanlar bilen bezelen owadan we köpöwüşginli lybaslar biziň ýygyndy toparymyzyň täze ýeňişlere ymtylmasynyň beýanyna öwrülmelidir.

Sport sergisine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň esasy guramalary we ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kärhanalar hem-de kompaniýalar wekilçilik etdi.

Günüň ikinji ýarymynda bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Forumda garalan meseleleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda geljegiň abadançylygynyň bähbidine bilim, okatmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny, bilim ulgamynda özgertmeler hem-de innowasiýalar we beýleki meseleler bar.

Halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «ELХOLDING» ygtyýarlygy çäklendirilen ylmy-önümçilik birleşiginiň arasynda bilim tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kluž Napoka şäherindäki Tehniki uniwersitetiň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buharest şäherindäki Politehniki uniwersitetiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Buharestiň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa federasiýasynyň «Şýolkowo Agrohim» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Forumyň barşynda şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara — Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Hokkeý federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Portugaliýanyň «Сlass Aсademy» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Nygtalyşy ýaly, bu resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin berk binýatdyr.

Bu ulgamyň edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ulanmak maksadynda bilim bermegiň sanly ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işjeňleşdirilýär.

Bu ulgama ylmyň öňdebaryjy gazananlary we okatmagyň kämil usullary giňden ornaşdyrylýar. Häzirki zaman özgertmeleri bu ulgamyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Forumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň wekiliýetleriniň agzalary hem-de professor-mugallymlar düzümi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp görerler hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde çykyş ederler.