GERATYŇ TEATRYNYŇ «ÜMSÜMLIGIŇ SYRY» SAHNADA

Owgan halky nijeme ýyllar bäri dogduk topragyndaky gan döküşikli uruşdan ejir çekýär... Köne gonamçylykdaky daragt bolup ýetişmedik guran nahal. Ol wepat bolan gyzjagazy ýatladýar, onuň kakasy hasratdan jebir çekýär. Atasy söwer agtyjagynyň mazaryna gana boýalan köýnejigini we ahyryna çenli okap ýetişmedik kitapçalaryny getiripdir. Biçäre enä dünýe dar görünýär.
«Ümsümligiň syry» spektakly bir maşgalanyň başyna düşen hasratyň üsti bilen dünýäniň näzikdigini we harby-syýasy çaknyşyklara çekilen adamlaryň goragsyz-ejizligini görkezýär.
Geratyň Teatrynyň döredijilik topary: «Ümsümligiň syry nämede?! Uruş belasy haçan gutararka? Adamlara ölümdir jebir getirýän urşuň soňy ýokmuka?» -diýip bize sowal berýär.
...Tutuş spektaklyň dowamynda gaýgyly sazlary çalýan owganystanly artist özboluşly Ibragim Erewi ozal Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan tematiki sergide hem görüpdik...
Parahatçylyk Zemindäki adamlaryň ählisine gerek! Teatr sungatynyň Aşgabat festiwalyna gatnaşanlar bu babatda Geratyň Teatrynyň artistleri bilen bir pikirde, owganystanly myhmanlarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasyndan sungat dilinde el-ele berip parahatçylygy goramaga, bagtyýar geljegi kemala getirmäge çagyrýarlar.
Parahat durmuşyň ümsüliginiň syry nämede? Ol birek-birege düşünmekde we açyklykda, mähribanlykda we akýüreklilikde, ynsanperwerlikde, bir-birege sylag-hormatda. Eseriň şeýle simwoliki manysy dürli halklaryň wekilleri bolan tomaşaçylaryň aňynda we ýüreginde orun tutdy. Sungatyň adamlary birleşdiriji wezipesem şundan ybaratdyr.