ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA IRI ÝYLADYŞHANA HOJALYGY IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR

photo

Daşoguz welaýatynda ýylboýy işleýän döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň sany barha artýar. Görogly etrabynda döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerde ýurduň Senagatçylar we telekeçielr birleşmesiniň agzasy «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy täze ýyladyşhanany işe girizmäge taýýarlaýar.

Şahsy kärhananyň ugurdaş ikinji desgasy bäş gektar meýdany tutýar. Onuň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy we uzak möhletleýin ulanylýan serişdeler ulanyldy.

Ýyladyşhanada oturdylan enjamlar ýagtylyk, ýylylyk we çyglylyk kadalaryny, topraga ýokumly maddalar bermek ýaly oňaýly şertleri awtomatik usulda amala aşyrýarlar. Taýýarlanan önüm alyjylara ugradylmazdan ozal ýörüte laboratoriýada hil barlagyndan geçiriler.

«Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy ýyladyşhana hojalyklarynyň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Telekeçilgiiň bu ugruny amatly ykdysady şertleri üçin ýerli telekeçiler geljegi uly işleriň biri hasaplaýarlar. Ýyladyşhana hojalyklarynyň sanynyň has köpelmegi daşary ýurtlarda öndürilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, şeýle hem ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.