RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli geçirmek, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de «Oba hojalyk pudagynda 2020 — 2030-njy ýyllar aralygynda oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co KG» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2020-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «John Deere Walldorf GmbH & Co KG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.