AŞGABATDA ÝAPON KINOSYNYŇ GÜNLERI GEÇIRILDI

Aşgabatda Ýapon kinosynyň günleri üstünlikli geçirildi. «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkeziniň kinozallarynyň üçüsinde ýapon kinosungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sekizisi görkezildi, özem tomaşaçylara filmleriň birnäçesini görmäge mümkinçilik döredildi.
Bu döredijilik çäresiniň dowamynda aşgabatlylar Günüň dogýan ýurdunyň gadymy medeniýeti, däp-dessurlary, şanly taryhy wakalary bilen tanyşdylkar.
«Deňizden gelen adam», «Otagyň arassalynylyşy», « Kamakuranyň ykbaly» ýaly üç film mistikany halaýanlara niýetlenipdir.
Ýapon kinematografiýasyna höwes bildiren çagalar «Popin kýu» animasion filmini haladylar. Olardan biraz uluraklar «Her günüň ajapdyr» kinofilminden ýaponlaryň çaý dabarasynyň hem ykbaly üýtgedip bilýändigine göz ýetirdiler.
«Samuraý aşpezlik ýörelgesi barada erteki» filminde samuraýlaram, çaknyşyklaram görkezilse-de, onuň esasy ýordumy Hari (ýaponçadan terjme edilnde Bahar) atly gyzyň batyrgaý söýgüsine bagyşlanypdyr.
Kino günleriniň çäklerinde Ýaponiýanyň Ilçihannasynyň işgärleri geljekde aşgabatly kino sungatynyň muşdaklarynyň haýsy filmleri halaýandyklaryny bilmek üçin tomaşaçylaryň arasynda pikir soraşma geçirdiler.
30-njy noýarda –1-nji dekabrda Ýapon kinosynyň günleri Mary welaýatynyň merkezi Mary şäheriniň «Belent» Söwda –dynç alyş merkezinde geçiriler.