MILLI LIDERIMIZIŇ ÇYKYŞLARYNYŇ ÝYGYNDYSYNYŇ NOBATDAKY TOMY

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.

Neşir «Türkmenistanyň dörediji kuwwaty — ählumumy ösüşiň hatyrasyna» diýen sözbaşyly makala bilen açylýar. Onda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen ýylda ykdysady, durmuş ulgamlarynda döwlet maksatnamalarynyň, şeýle hem daşary syýasy strategiýanyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilişi häsiýetlendirilýär.

Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depgini, jemgyýetçilik-syýasy we raýat işjeňligi, Berkarar Watanymyzyň dünýäniň ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulýandygyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň kanunalaýyk netijesi hökmünde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde täze zawodlaryň, gazhimiýa toplumlarynyň, dokma fabrikleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, täze ulag we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň müňlerçe kilometriniň çekilmegi, ýurdumyzda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriň millionlarça tonnasynyň öndürilmegi, asyryň iň iri taslamalaryna gönükdirilýän milliardlarça maýa goýum serişdeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara giňişlikde geçen ýyl ähmiýetli wakalara baý bolup, olar ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň we syýasy agramynyň artmagyna ýardam etdi. Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberindäki işlere işjeň gatnaşmagy, Watanymyzyň geosyýasy we geoykdysady abraýynyň ýokarlanmagy bilen şöhratlandy.

Bularyň ählisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde, Hazarýaka döwletleriň Aktauda geçirilen sammitinde we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde öňe süren netijeli başlangyçlary ýardam berdi.

Ýurdumyzyň AHHG-a başlyklyk etmegi we Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasy 2018-nji ýylda olaryň işine täze depgin berdi hem-de halkara gerimini giňeltdi. Munuň şeýledigini türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýany kabul etmegi hem tassyklaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi möhüm taryhy wakalaryň biri boldy, ol özünde halk häkimiýetiniň milli däplerini we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleri jemledi.

Maslahatda kabul edilen çözgütler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän bazar özgertmelerini çuňlaşdyrmagyň, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň, jemgyýetiň aň-bilim we ruhy kuwwatyny artdyrmagyň esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Gurluş özgertmeleri we milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça täze ädimleriň kabul edilmegini, importyň ornuny tutýan we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny Türkmenistanyň esasy gazanylanlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Strategik taýdan möhüm bolan ýangyç-energetika ulgamy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Bu ulgamda uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak we olaryň eksporta iberilişiniň köp görnüşli ulgamyny kemala getirmek bilen birlikde pudaklaýyn kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit we gazhimiýa önümleriniň giň tapgyryny çykarýan, ýokary tehnologiýaly, düýpli ylmy barlaglary talap edýän önümçilikleri döretmäge aýratyn uly üns berilýär.

Bularyň hemmesi ykdysadyýetiň häsiýetini özgerdip, onuň import çig malyna we dünýä bazaryndaky ýagdaýyň üýtgäp durmagyna garaşlylygyny peseldýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda işe girizilen täze innowasion önümçilikleriň — Garabogaz şäherindäki we Gyýanly şäherçesindäki ýaly gazhimiýa toplumlarynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistany diňe bir ilkinji energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynda degişli kuwwatly orun bilen üpjün etmän, eýsem, oňa ýokary goşulan nyrhly gaýtadan işlenilen gaz we nebit önümleriniň bazarynda hem has amatly orny eýelemäge mümkinçilik berýär.

Halkara ulag ulgamyna goşulyşmagy hem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär. Ulag gurluşyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler Türkmenistana täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ulag-üstaşyr geçelgesiniň esasy halkasy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Türkmenabat Halkara howa menzili, Serhetabat — Turgundy demir ýoly sebit we yklymara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrüldiler, olar Ýewraziýa ýük daşamagyň täze ugruny kemala getirmäge, sebit we dünýä söwdasynyň işjeňleşmegine ýardam berýärler.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lazurit») halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde kabul edilen birnäçe ädimler bu ugurda biziň ýurdumyzyň işjeň işiniň aýdyň mysallary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ylmy işleriniň — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» (ikinji kitap), «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» (11-nji tom) atly kitaplarynyň çapdan çykmagy 2018-nji ýylyň şanly wakalaryna öwrüldi.

Şol wakalar ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň seslenmä eýe bolmak bilen, türkmenistanlylaryň özleriniň taryhy-medeni mirasyna, mizemez maşgala we ruhy gymmatlyklaryna, mähriban Watanymyzyň egsilmez baýlygyna bolan guwanjyny hem-de buýsanjyny artdyrdy.

Milletiň Lideriniň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi 2030-njy ýylyň giň möçberli Gün tertibini ýerine ýetirmekde Watanymyzyň gazananlary bilen we Durnukly ösüşiň maksatlaryna milli derejede uýgunlaşdyrylan 17 maksada laýyklykda, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň tanyşmagy üçin mümkinçilik döretdi.

Parahatçylygyň, durnuklylygyň, ählumumy howpsuzlygyň ýollaryny gözlemek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şu maksatlar üçin oňyn bitaraplygyň ajaýyp nusgasy saýlanyp, ynsanperwerligiň we durnukly ösüşiň umumadamzat doktrinasynyň durmuşa geçirilmegine anyk goşant boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy, harby, ykdysady, energetiki, azyk, ekologiýa we howpsuzlygyň beýleki görnüşleriniň hiç birisiniň aýry-aýrylykda hereket edip bilmejekdigini nygtaýar. Olar geosyýasy we geoykdysady jähtlerde ýeke-täk kategoriýany döredip, bir-birini özara şertlendirmelidirler. Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy işlerinde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän howpsuzlygyň ähli düzümlerini düzüji bitewülik, bölünmezlik, özara baglanyşyk hakyndaky taglymat häzirki we geljekki durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde kesgitleýji orny eýeleýär, döwletiň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ösmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Biziň ýurdumyzda gender deňliginiň taglymatynyň öňe ilerledilişine seljerme bermek bilen, milletiň Lideri aýallaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň, maşgalany we eneligi goldamagyň jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar diýip nygtaýar. Bu babatdaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegiň ygtybarly kepili bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasy durýar.

Bu zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär, gender deňligini — Durnukly ösüşiň maksatlarynyň birini gazanmakda biziň döwletimiziň umumy ykrar edilen dünýä standartlaryna we kadalaryna ygrarly bolup durýandygyny tassyklaýar.

Ýygyndyda durmuş ulgamyny ösdürmegiň meseleleri giňden beýan edilýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetiň maksadalaýyk ösüşi halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagyna, hemmetaraplaýyn ösen, beden taýdan berk we ruhy taýdan güýçli ýaş nesli terbiýelemek üçin şertleri döretmäge ýardam berýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, adamlaryň isleglerini we bähbitlerini, durmuşyň ähli babatynda abadançylygyny we mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär.

2018-nji ýyl köp sanly ýatda galyjy wakalar bilen şöhratlandy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna saýlawlar, köp sanly durmuş-medeni, önümçilik, ulag-kommunikasiýa we beýleki ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmegi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar, köpçülikleýin welosipedli ýöriş, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly wakalar bar.

Oba hojalyk pudagynyň kuwwaty üstünlikli artdyrylýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän, birnäçe asyr mundan ozal Aziýa bilen Ýewropanyň söwda gatnaşyklaryny üpjün eden Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärliklerini täzeden dikeltmek boýunça uly işler geçirildi.

Şeýle hem neşirde medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda geçirilen möhüm çäreler, ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde guralan halkara maslahatlar, forumlar, sergiler, bäsleşikler hem-de sport ýaryşlary barada habarlar ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň nobatdaky kitabynda ýerleşdirilen fotohronika okyja Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary ruhubelentligini aýdyň duýmaga mümkinçilik berýär. Neşir milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine çuňňur düşünmek üçin ägirt uly nazaryýet we tejribeçilik gymmatlyga eýe bolup, giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.