«BAKY ROWAÝATLAR» SPEKTAKLY: DURMUŞ GYMMATLYKLARY BARADA TEATR DILINDE

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri esasynda döredilen Döwlet gurjak teatrynyň «Baky rowaýatlar» spektalynyň premýerasy III Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkezilipdi, dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri oýnuň dramaturgiýasyna we sahna bezegindäki täzeliklerine gowy baha beripdiler. Ýaşajyk tomaşaçylar söýgüli teatrynyň täze işine nähili garaýarkalar?

Bu sowala jogap bermek üçin biz çagalar bilen birlikde spektakla tomaşa etmegi makul bildik. Üçünji jaňdan soň çyralar öçüp, sahnada ýaýbaňlanan wakalar dessine çagalaryň ünsüni özüne çekdi. Asmanda erkin gaýmalaşyp ýören bulutlar içi bäbekli sallançaga öwrülýärdiler...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabyndan ilkinji rowaýat bir wagtlar bäbekleriň asmanda dünýä inendigini gürrüň berýär. Soňra olar Ýere inip, Ene atly perişdä duşupdyrlar. Şekiller we dürli yşyklar tilsimleri bilen bezelen erteki kysmy kyssa söýgidir mähre ýugrulan.

Sahnada goýmak üçin beýleki iki rowaýat «Türkmenistan- -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Türkmen alabaýy» atly kitaplaryndan alnan. Oýundan täsirlenen oglanjyklardyr gyzjagazlar ertekiniň hoşamaý we parasatly gahrymanlaryna, dürli ajdyly tilsimlere höwes bilen syn edýärdilr.

-Sahna bezeginde ultramelewşe reňki ulanmagy teatryň baş ýolbaşçysy Nurberdi Hojaýew teklip etdi – diýip oýun goýujy režisýor Ylýas Durdyýew gürrüň berýär. – Häzirki wagtda dünýä çalt özgerýär, şonuň bilen çagalaryň islegi-de üýtgeýär, indi perdäniň depesinde görkezilýän oýna tomaşa etmek olary özüne imrigdirmeýär. Teatr leksikasynyň täze tilsimlerini ösdürmeli.

Elbetde, aktýorlaram iş usulyny üýtgetmeli boldulyar. Biz ekran uly bolar ýaly 1 mettrlik pessejik perde ulandyk. Aktýorlar emedekläp diýen ýaly keşp döretmeli bolýardylar. Mundan başga-da, Aýyň sallançaga, sallançagyň gaýyga öwrülmegi, ýüpleriň tolkunlara, daglara meňzemegi we beýleki tilsimler üçin ozboluşy usullary ulandyk.

Eserleriň ýordumy goşgy bilen beýan edilýär, hoş owaz sazlar ony dessana meňzedip, sahna eseriniň täsirliligni güýçlendirýär.

Geljekki oýunlarymyzda sungatyň şekilli görnüşlerini ulanmagy göz öňünde tutýarys. Muňa bizde Sankt-Peterburgyň kölegeler teatrynyň «Serçe we skripka üçin sýuita» oýny höwes döretdi – diýip oýun goýujy režisýor Ylýas Durdyýew sözüniň ahyrynda aýtdy.