DERTLÄ DERMAN ÇAÝLAR

photo

Halkara maýyplar gününiň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Okuw-sagladyş toplumynda foto-bar açyldy.

-Çagalar bilen çaýyň peýdasy barada gürrüňdeşligimizde biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý – hem melhem, hem ylham» kitabyna ýüzlendik, onda bu täsirli içginiň gelip çykyşy we taryhy, onuň görnüşleridir demleýiş usullary, adam bedenine täsiri barada maglumatlar jemlenendir – diýip, biziň bilen söhbetdeşlikde toplumyň direktorynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Gülnabat Döwletsähedowa gürrüň berdi.

Çagalar çaýyň dürli görnüşleriniň tagamy we bejeriş sypatlary barada şeýle köp soradylar welin, biz onuň täsirini diňe içen biler diýen netijä geldik. Şeýdibem, fito-bar açmak barada pikir döredi, onda bu derde derman içginiň on bäş görnüşi bar. Meselem, limonly, bidenekli, çopantelpekli, dag otly, itburunly, narpyzly we beýleki çaýlar bar.

Fito-barda çagalaryň dördüsine gabat geldik. Bary-ýogy alty ýaşynda bolsa-da, oglanjyklardyr gyzjagazlar çaýyň gadyryny bilýärler. Olar beden kuwwatyny berkidýän melhem we hoşboý ysly çaý içmegi halaýarlar. Biz olaryň saglygynda näme kemi bardygy bilen gyzyklandyk.

-Bu çagalar bize üç ýyl mundan ozal güýçli göz çaşarmasyndan ejir çekip geldiler. Oftalmologymyza kemçiligi dolulygyna diýen ýaly bejermek başartdy, şonda-da göreçde biraz ýetmezlik bar. Indi olar bizde düzediş bejergisini alýarlar – diýip Gülnabat Döwletsähedowa gürrüň berdi.

Sagaldyş toplumynda göreç, gulak, hereket agzalaryndan we aň taýdan zeperli 3 ýaşdan ýaşy 17-ä çenli çagalaryň 600-e golaýy bar. Olar üçin çagalar baglarynyň 3-si we 4 mekdep hereket edýär.

Toplum bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen. Bize lokomotor enjamyny görkezdiler, ondaky maşklar daýanç-hereket agzalaryny dikletmäge ýardam edýär. Emma çagalaryň gündizki ýatyp dynç alýan wagty baranymyz üçin, onuň nähili işleýändigini görüp bilmedik. Lokomotor enjamynyň täsiri bilen arkanyň myşşsalarynyň berkeýändigini gürrüň berdiler. Ondaky agramsyzlyk ýagdaýynda çaga özüni edil kosmonawt ýaly duýýar, ýöreýän ýaly maşklaryň ählisini yhlasly ýerine ýetirýär.

Aşgabat şäherindäki Sagadyş okuw-terbiýeçilik merkezi (şeýle toplumlar ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde hereket edýär) arassalygy, döwrebaplygy, çagalar üçin oýunlar meýdançalary we gülli aýmançalary bilen kiçijik şäheri ýada salýar.

Bu ýerde mähir, söýgi, alada we ýagşy umytlar höküm sürýär. 318 işgäriň hersi öz ornunda saglyk ýagdaýy kemli çagalara olaryň çäksiz mümkinçiliklerini ösdürmäge kömek edýärler, olarda erkliligi terbileýärler, çagalara derdi mertlik bilen ýeňmegi öwredýärler, olarda ertirki bagtyýar durmuşa höwes döredýärler.