GYŞKY EŞIKLER KOLLEKSIÝASY-2020: ÝÖNEKEÝDEN GELŞIKLI WE TRIKOTAŽ NOKTÝURNY

photo

«Altyn asyr» söwda merkezinde täze eşikler – Gyş-2020 täze kolleksiýasy bilen tanyşdyryldy. Aşgabadyň Modalar öýüniň lybas görkeziji zenanlary paýtagtly modelýerleriň hem-de ýurduň esasy dokma kärhanalarynyň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan çagalar we ulular üçin gündelik eşiklerini görkezdiler.

Görkezilişde möwsümiň ýiti we açyk reňkleri, giň fakturalary, şeýle hem etnostiliň elementleri bilen sazlaşykly utgaşýan we işewürlik ýa-da hat-da toý-dabara lybasyna öwrülýän kežual tilsimli eşikler agdyklyk etdi.

Ilki bilen podiuma erkekler çykdylar. Gelşikli paltolardyr üýtgeşik şarflar, işewürlik kostýumlary, nusgawy jinsiler bilen trikotaž önümleriniň ekletikasynyň özboluşly sazlaşygy, galyberse-de, köýnekçelerdäki türkmen gölleri has saýry geldi. Modelýerdir trikotaž boýunça nakgaşlara aperin! Kolleksiýanyň hemmelere deň niýetlenendigine garamazdan, önümleriň ählisi gelşikliligi we dünýä modasynyň trendleriniň hem-de milli nagyşlaryň sazlaşygy bilen tapawutlanýarlar.

Ýaşajyk manekençiler fakturalaryň batyrgaý sazlaşygy we özboluşly printler ulanylan gyz köýneklerini, köýnekçeleri, pižamalary, sport lybaslaryny görkezdiler. Garyşyk matalardan tikilen ýiti reňkli, emeli sütük bilen bezelen kurtkalar we kombinzonlar has-da täsir galdyrdy. Pagtagtly dokmaçylaryň ýasan owadanja ýumşak oýunjaklary Täze ýyl baýramçylygy ruhuny döretdi.

Türkmen kutýureleriniň döreden sport lybaslary üýtgeşik dizaýny we bezegi bilen geň galdyrdy. Türkmen önüm öndürijileriniň oňaýly we gelşikli aýakgaplary görekzilişiň ýene bir aýratynlygy boldy.

Modaly eşikleriň görkezilişinide däp bolşy ýaly, zenanlara niýetlenen gelşikli işewürlik kostýumy, şeýle hem täzeçil tilsimler ulanylan jinsi kostýumlary görkezildi. Aşgabadyň Modalar öýüniň trikotaž sehiniň owadan we gelşikli örme žaketleri we kardiganlary, şeýle hem milli donlara meňzedilen baý nezegli ýeňil paltolar hem ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi.

Ýakyn günlerde görkezilen çagalar we ulular üçin eşikler satlyga çykarylar.